Täze okuw ýylyna taýýarlyk

22 Iýul 2021
1227

Ähli ýerde bolşy ýaly, Kaka etrabynda hem 2021—2022-nji okuw ýylyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Etrapdaky umumybilim berýän orta mekdeplerde täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäginde ýeňil abatlaýyş işleri geçirildi. Şonda okuw otaglarynda ulanylan gurluşyk serişdeleriniň ekologiýa taýdan arassalygyna we hiline aýratyn üns berildi. Mekdep mugallymlary özlerine degişli synp otaglarynyň döwrebap görkezme esbaplarydyr gollanmalar bilen üpjünçiligine uly ähmiýet berýärler.

Däbe görä, täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda bilim işgärleriniň awgust maslahaty geçirilýär. Bilim işgärleriniň durmuşyndaky bu ähmiýetli çärä etrapda häzirden taýýarlyk görülýär. Munuň üçin etrap bilim bölümi tarapyndan degişli tagallalar edilýär. Bilim ulgamynda okatmagyň işjeň-öwreniş usullaryny ornaşdyrmak boýunça toplanan tejribeleri ara alyp maslahatlaşmakda, mugallymlaryň sapaklara taýýarlyk derejelerini hem-de bilimiň hilini ýokarlandyrmakda bilim işgärleriniň awgust maslahatynyň orny uludyr. Şeýle bolansoň, bu çärä ykjam taýýarlyk görmek we onuň netijeliligini gazanmak möhüm bolup durýar.

Pirmuhammet ÇARYÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.