Biologiýany okatmagyň döwrebap usullary

20 Iýul 2021
1266

Bilim ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler netijesinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ak mekdepleriň gurlup, ulanylmaga berilmegi, olaryň iň täze tehnologiýalar, kompýuter serişdeleri, multimedia enjamlary bilen üpjün edilmegi ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga örän oňat mümkinçilik döredýär. Şonuň bilen birlikde-de, bilim işgärleriniň öz işini döwrebap guramaklaryny, innowasion iş usullaryndan peýdalanmaklaryny talap edýär.

Indi birnäçe ýyldan bäri biologiýa mugallymy bolup zähmet çekýärin. Bu sapakda okuwçylara bizi gurşap alýan tebigat, ondaky ösümlikler, janly-jandarlar, olaryň gurluşy, ýaşaýşy baradaky maglumatlary öwredýärin. Şunda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapan ajaýyp eserleriň mugallymlar üçin gymmatly gollanmadygyny aýratyn belläsim gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eserini biologiýa sapaklarynda yzygiderli peýdalanýaryn.

Mawlýuda BABAŞOWA,
Farap etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy.