Durmuşyň kadasy — paýhas pendi

26 Iýul 2021
1062

Halkymyz edep-terbiýä döwletliligiň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde garaýar. Pederlerimizden miras galan nakyllar bolsa çagalarda irki ýaşdan başlap, oňat häsiýetleri terbiýelemäge ähmiýet berlendigini subut edýär.

Ilkinji bilim-terbiýäniň ojagy hasaplanylýan mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpelere irki ýaşdan başlap, asylly terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek ugrunda Gahryman Arkadagymyz ähli zerur şertleri döredip berýär. Şeýle mümkinçilikler biziň çagalar bagymyzda hem döredilen. Bu ýerde çagalar bilen alyp barýan bilim-terbiýeçilik işlerimizi millilik ýörelgelerimize esaslanyp guraýarys.

Gurbangül ALLAKULYÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 8-nji «Serpaý» çagalar bagynyň terbiýeçisi.