Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ulag merkezine öwrülmäge taýýardygyny mälim etdi

31 Ýanwar 2024
341

Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ýük daşamak babatda möhüm üstaşyr merkeze öwrülmek üçin ähli zerur infrastruktura eýe. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew Brýusselde geçirilýän Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça «Global Gateway» maýa goýum forumynda eden çykyşynda mälim etdi.

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň habar bermegine görä, B.Annaýew öz çykyşynda soňky ýyllarda Türkmenistan ulag infrastrukturasyna, hususan-da, 5000 km-den gowrak demir ýollaryň çekilmegine, ýylda 17 million tonna ýük geçirmäge ukyply bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna, täze howa menzilleriniň we Aşgabat — Türkmenabatyň gurluşygyna işjeň maýa goýandygyny mälim etdi.

Beýleki habarlar