Ýaşlara uly ynam bar

20 Iýul 2021
880

Ösüp barýan ýaş nesliň kämil hünärli, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri baradaky alada halkyň ertirki abadan durmuşynyň binýady bolup durýar. Bilimli, hünärli nesil milletiň ýeten derejesiniň beýany bolup öňe çykýar. Ýaş nesiller bilimlerini kämilleşdirmek, hünär öwrenmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanyp, durmuşyň täze gapysyny açýarlar. Öz çagalyk arzuwlarynyň çagyrýan dünýäsine uly höwes, hyjuw bilen girmäge, öňde duran basgançaklardan üstünliklere sary dyrmaşmaga, il-ýurt bähbitli işleri bitirýän hünärmenler bolmaga ymtylýan ýaşlar halkymyzyň umyt gunçalary, göz guwanjy bolup begendirýärler.

Ýaşlara täzelige ymtylmak, bilesigelijilik mahsus. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy baradaky aladasy ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi baradaky tagallasy bilen utgaşyp gidýär. Çünki islendik öňdebaryjy ýurt ösüp barýan nesliň ylymly-sowatly, hemme tarapdan taýýarlykly adamlar bolup ýetişmekleri babatda düýpli binýada daýanýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlary alada bilen gurşap almagy, bilim syýasatyna uly üns gönükdirmegi, olaryň ähli amatlyklary bolan okuw mekdeplerinde bilim-terbiýe almaklary, ýerlerde täze iş orunlarynyň döredilmegi ugrunda uly başlangyçlaryň başyny başlap, tutumly maksatlara badalga bermegi ýaş nesle bolan beýik ynamdan gözbaş alýandyr.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».