Maksadymyz — mynasyp nesli kemala getirmek

26 Iýul 2021
799

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýaş nesli okatmagyň we terbiýelemegiň has netijeli usullary giňden ornaşdyrylýar. Bilim özgertmeleri dünýäniň ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, şol bir wagtda türkmeniň milli terbiýeçilik ýörelgelerine pugta daýanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly döwlet syýasaty ýaş nesli kämil şahsyýetler edip kemala getirmeklige mümkinçilik berýän ösen häzirkizaman bilim-terbiýeçilik ulgamyny berkarar etmäge gönükdirilendir. Çünki kämil bilimli we terbiýeli, ýokary hünär taýýarlykly nesil kuwwatly Watanyň nurana hem bagtyýar geljegidir.

Rana JUMAÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 6-njy orta mekdebiň mugallymy.