Ak ýollary arzuwlap

21 Iýul 2021
943

Orta mekdepde jemleýji döwlet synaglarynyň dowam edýän günlerinde Aýlar Ernepesowany mugallymlary, maşgala agzalary, deň-duşlary ýene-de bir begençli habar bilen gutladylar. Türkmenabat şäherindäki 26-njy orta mekdebiň 11-nji synpyny üstünlikli tamamlan Aýlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan her ýyl geçirilýän ýaş alymlaryň arasyndaky ylmy-taslama bäsleşiginiň şäher we welaýat tapgyrynda baş baýraga mynasyp boldy. Ol bu bäsleşige ylmy ýolbaşçysy, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Hurmagül Jumabaýewanyň ýardam bermeginde taýýarlan «Ýaşlaryň sözleýiş medeniýetini kämilleşdirmegiň ýollary» atly ylmy işi bilen gatnaşdy. Aýlaryň taýýarlan bu ylmy işiniň derwaýyslygy ýaşlaryň oý-pikirlerini dilden diňleýjä düşnükli bolar ýaly logiki yzygiderlilikde beýan etmekden, hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romanynda ulanylan çeperçilik serişdeleriniň tutýan ornuny öwrenmekden we wagyz etmekden ybarat bolup durýar. Ylma höwesek Aýlar ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, alymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda geçirilen «Ylymly ýaşlar — berkararlygyň binýady» atly ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigine hem işjeň gatnaşdy we höweslendiriji baýrak bilen sylaglanyldy.

Bulardan başga-da Aýlar her ýyl mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine gatnaşyp, birnäçe gezek ýokary derejeli diplomlara mynasyp boldy.

Bahar JUMANAZAROWA,
ýörite habarçymyz.