"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Ýokary hilli bugdaý tohumyny taýýarlamak möhüm wezipe

31-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşyna seredildi. Iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatlarda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Süýji bolýar ekip iýseň...

Şu günler güneşli Diýarymyzyň bakjaçy daýhanlary üçin iň gyzgalaňly möwsüm dowam edýär. Janypkeş daýhanlarymyz arly ýyl maňlaý derini siňdirip, yhlasly çeken zähmetiniň hözirini görýärler. Olar ekin meýdanlarynda ösdürip ýetişdiren bakja önümleriniň — gawun-garpyzlaryň bol, bereketli hasylyny ýygnamak bilen meşgullanýarlar. Gawuny ildeşlerimiz gowy görüp iýýärler, sebäbi gawunyň düzümi ynsan saglygy üçin iňňän peýdaly minerallara baý bolup, gawundan taýýarlanýan guradylan kak önümi bolsa, irki wagtlardan bäri şirin nygmat we dermanlyk önümi hökmünde hem giňden meşhur bolupdyr.

Endigan gögeriş alyndy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Daşoguz welaýatynyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Akdepe etrabynda hem bugdaýdan boşan ýerlerde aralyk ekinleriň ekişi barha gyzyşýar. Şu ýyl bu etrabyň «Nowruz» daýhan birleşigi boýunça bugdaýdan boşan ýerleriň yzyna 33 gektar ýere mäş, 10 gektar ýere noýba, 1 gektar ýere giçki käşir, 15 gektar ýere künji ekmek işleri üstünlikli tamamlandy. Munuň üçin bugdaýdan boşan ýerleriň saýlanyp alynmagy uly ähmiýete eýe boldy.

Ätiýaçlyk ot gory ýygnalýar

«Oty köpüň — maly dok» diýlen parasatly pähimden ugur alyp, ýylyň-ýylyna bol ätiýaçlyk ot-iým gorunyň döredilmegini gazanýan Mary welaýatynyň maldarlary hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda-da bu ugurdaky işlerini mynasyp depginde dowam etdirýärler. Bu babatda Tagtabazar etrabynyň kärendeçi maldarlarynyň bitirýän işleri hem bellenilmäge mynasypdyr. Etrap boýunça geljek gyş üçin 24 müň 182 tonna ot taýýarlamagy maksat edinen dowardarlar häzir bu möhüm işiň depginini barha güýçlendirýärler. Bu işe diňe çopan-çoluklar däl, eýsem, goşmaça adam güýji hem-de zerur tehnikalar çekilipdir. Ätiýaçlyk ot gory diňe bir medeni zonada ýygnalýan samandyr ýandagyň däl, eýsem, uzak öri meýdanlaryndaky otlaryň hasabyna-da barha köpelýär. Netijede, gündelik taýýarlanylýan meýdan otlarynyň ortaça mukdary şu günki gün etrap boýunça 350 tonnadan hem geçýär. Bu möhüm iş etrap «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň düzümine girýän maldarçylyk hojalyklarynyň 6-synda hem turuwbaşdan gowy badalga aldy. Gyş üçin ätiýaçlyk ot goruny taýýarlamakda «Serhetçi», «Ýeňiş», «Çemenabat» maldarçylyk hojalyklarynyň maldarlarynyň nusgalyk zähmet çekýändiklerini hem guwanç bilen bellemek bolar.

Ýeralmanyň bitginli hasyly

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda 565 gektarda ekilen ýeralmanyň boldumly hasylynyň ýetişýändigini göreniňde, bu ýerde zähmet çekýän kärendeçileriň ekinlere siňdirýän yhlaslarynyň ýerine düşýändigine tüýs ýürekden guwanýarsyň. Şol kärendeçileriň aglabasy Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň agzalary. Wagtly-wagtynda suwarylýan, zyýankeşlere garşy göreş çäreleri yzygiderli amala aşyrylýan ekinler göwnüňi göterýär. Hünärmenleriň ýeralmanyň häzirki ýagdaýyndan çen tutup hasaplamalaryna görä, kärendeçileriň aglabasynyň her gektardan meýilnama boýunça öndürilmeli 14 tonna ýeralma derek, bu görkezijini 21 – 23 tonna ýetirmäge mümkinçilikleri bar. Şular ýaly bol hasylyň kemala gelmegi üçin ýeralmaçy kärendeçilerden Taganmyrat Çaryýewiň, Agamät Babaýewiň, Gurbanmuhammet Sopyýew, Magtymguly Allakulyýew ýaly mehanizatorlaryň nusga alarlyk iş bitirýändiklerini uly buýsanç bilen agzasymyz gelýär.

Ýada salar erem bagyn

— Şu ýyl tebigat miwäniň görlüp-eşidilmedik hasylyny eçildi. Tüweleme, miweler daragtlaryň şahalaryna agram salyp, döwüläýjek bolýar — diýip, ýaňy-ýakynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Gum güzer» daýhan birleşiginiň Akýap obasynda bolanymyzda, ýaşulular buýsanç bilen gürrüň berdiler. Dogrudan hem, gadymy Murgap derýasynyň bol suwundan ganyp, kemsiz ýetişen miweler «Meniň tagamymy dadyp göräý-dä!» diýen terzde başyny aşak egip, biri-birinden öň ýolnup iýilmegine mähetdel bolup durana çalym edýär. Hersi özüniň tebigy reňki, säheriň arassa çygyna buldurap, göwnüňi gandyryşyna Erem bagyny ýada salýar. Asyl-ha, ýagşyzadalaryň hasasy dürtülip geçilen türkmen topragy altyn Güneşiň çogly nuruna bäs gelip bilmän, darka-darka ýarylyp, dünýäniň datly tagamlaryny adamzat nesline sowgat berýär. Ol tagamlar desterhanymyzyň bezegi, derdimiziň dermany, sebäbi her bir miwäniň jana melhem häsiýetleri bar. Akýap obasynyň ileri çetinden gireniňde, seleňläp oturan baglara gözüň düşýär. Miweli baglaryň ekilen meýdany gözýeterden uzakda. Ol meýdan tolkunlaryny asudalyk bilen kenara urýan ummana, miweleri ýygyp, sebetlere salýanlar bolsa, ummanda gämi bilen gezelenç edýäne meňzeýär.

Daýhan mert — ýer jomart

24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda hem ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, şu günler gowaça meýdanlarynda pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar.

Ene ýerden döwlet tapan

Türkmen «Edenli adam topragy altyna öwrer» diýýär. Ahal welaýatynda hem şeýle edenli daýhanlaryň sany, tüweleme, juda kän. Olar ene ýerden bol hasyl almak üçin dökün, suw, tehnika bilen üpjünçilik babatda döwlet tarapyndan döredilip berilýän şertlerden peýdalanyp, ruhubelentlikde zähmet çekýärler. Indi 50 ýyldan gowrak bäri toprak bilen bagry badaşan, Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Jeren Akjanowa welaýatda öňdebaryjy daýhanlaryň biri. Pagtanyň bol hasylyna garaşýan tejribeli daýhanyň ekinine baranyňda, gozalap oturan gür şahaly gowaçany synlap, gözüň dokunýar. — Ekin ýerim obanyň gündogarynda. Gün dogmazyndan ozal ekin ýerime barmak, ir salkyndan işlerimizi ýerine ýetirmek endige öwrülip gidipdir. Durmuşyň gyzygy hysyrdyly zähmetde. Ömrümiz bereketli meýdanlarda geçdi. Ene ýerden döwlet tapdyk — diýip, Jeren eje gowaça peliniň başynda goja tuduň saýasynda, çaý başynda gürrüň berdi.

Gowaçalaryň idegi ýetirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Köneürgenç etrabynyň «Derýalyk» daýhan birleşiginiň babadaýhanlary 1000 gektar meýdana gowaça ekip, şondan 1990 tonna «ak altyn» öndürmegi meýilleşdirýärler. Asylly maksady ýörelge edinýän hojalygyň kärendeçileri şu günler gowaçalara ideg etmek işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda talabalaýyk geçirmegi guramaçylykly alyp barýarlar. Daýhan birleşiginde pagtaçylyk bilen meşgullanýan kärendeçi toparlarynyň 12-si hereket edip, olarda 78 sany daýhan bereketli hasyl ýetişdirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýär. Bu babatda aýratyn hem hojalygyň Myrat Ödäýew, Bekdurdy Sopyýew, Öregylyç Öregylyjow dagynyň baştutanlyk edýän 3, 4, 5-nji kärendeçiler toparlarynda öwgä mynasyp işler bitirilýär. Olarda gowaçalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmeklige aýratyn üns berilýär. Bu möhüm işde hatarara bejergi geçirýän traktorlaryň 12-si bökdençsiz işledilýär. Netijede, hojalyk boýunça günde 80-90 gektar meýdanyň gowaçasy iýmitlendirilýär. Şunda Begenç Saparow, Baýrammyrat Kerimow, Tirkeş Gurbangylyjow ýaly tejribeli mehanizatorlaryň ýerine ýetirýän işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Gowaçalaryň kadaly boý almagynda, hasyl düwünçeklerini toplamagynda ösüş suwunyň möhüm ähmiýeti bar. Şuňa oňat düşünýän kärendeçi daýhanlar onuň giň gerimde ýaýbaňlandyrylmagyny gazanypdyrlar. Ösüş suwunyň gündelik

Çopan malyn sürüp ýaýla çykanda

Şu günlerde welaýatymyzyň maldarlary öri meýdanlarda dowarlaryny ine-gana otladýarlar. Maldarçylyk hojalyklarynyň bäşisinde dowarlaryň 21 müň 236-sy ýaşyl öwüsýän ýaýlalardyr sähralyklarda erkana idedilýär. Bu iş Saýat etrabynyň «Jeýhun» maldarçylyk hojalygynyň öri meýdanlarynda hem göwnejaý guralýar. — Ynha, düýn çölden dolanyp geldim. Giçlik çopanlar bilen hoşlaşyp, oba tarap ýola düşenimizde hem howanyň gyzgyny gaýtmandy. Howanyň aşa gyzýan günlerinde çopanlarymyzyň hal-ýagdaýlaryndan ýörite habar aldyk — diýip, Saýat etrabynyň «Jeýhun» maldarçylyk hojalygynyň başlygy Myrat Hasanow ilgeziklik bilen gürrüň berýär. — Olaryň iş we dynç alyş şertleri bilen gyzyklandyk. Maldarlarymyzyň hersiniň 20-30 ýyl iş tejribesi bar. Mallaryny yssyda-sowukda bakmagyň usullaryny gowy bilýärler. Epgekli günlerde öýländen soň howanyň ýagdaýyna seredip, dowarlaryny gije bakyma çykarýarlar. Ertesi sagat 10-lara ýakyn dowarlary goşdaky guýynyň suwundan ine-gana gandyrýarlar. Gündizine yssyda dowarlar örä çykarylmaýar.

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

PÄK ZÄHMETIŇ MIWESI Ýolöten etrabynyň daýhan birleşikleriniň oba hojalykçylary ýerden bereketli hasyl almakda ýokary iş öndürijilikli tehnikalardan, dökünlerden, suwdan ýeterlikli peýdalanýarlar. Olar bugdaýyň, gowaçanyň köp hasyl berýän görnüşlerini ekýärler. Şeýle hem döwlete köp hasyl tabşyrýarlar. Indi ençeme ýyllardan bäri gök-bakja önümlerini-de özlerinde ýetişdirýärler. Datly önüm bolan gant şugundyryny ýylyň ikinji hasyly hökmünde öndürýärler. Ýerden ýeterlik hasyl alýan ýer eýeleri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň uly-uly goldawlaryndan hoşal bolup işleýärler.

Bagban bagyndan belli

Obanyň çetindäki ýaşyl öwsüp oturan gür bagyň bir gyrasyndan gireniňde, gözüňi dokundyryp, ýüküni göterip bilmän oturan miweli agaçlaryň bereketli hasylyna gözüň düşýär. Edil şol wagt hem: «Tüweleme, adam eli şeýle gözelligi döredip bilýän eken» diýen pikir seriňi gurşap alýar. Megerem, bu bagy ýetişdirmekde maňlaý derini döken bagban Hakyň nazary düşen ynsan bolsa gerek... Şeýle pikirleri hakydamda aýlap durşuma, eli pilli, uzyn boýly, iş eşikli bir adam bize tarap ýuwaş ädimläp ugrady. Bu bagban — Boldumsaz etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň 8-nji kärendeçiler toparynyň agzasy Amannazar Begow. Amannazar aga il içinde sylanylýan, bagbançylygyň inçe tilsimlerini birkemsiz ele alan, ömrüniň 20 ýyldan gowragyny şu käre bagyş eden, häzir hem bu işi yhlasly dowam etdirýän ynsan. Onuň 1,2 gektar meýdanynda miweli agaçlaryň dürli görnüşleriniň 300-den gowrak düýbi bar. — Güneşli ýurdumyzda çekýän halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaga uly mümkinçilik bar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, halkymyzy özümizde öndürilýän önümler bilen üpjün etmek, bazar bolçulygyny döretmek baradaky berýän yzygiderli tabşyryklaryndan ugur alyp yhlasly zähmet çekýän bagbanlar daýhan birleşigimizde barmak basyp sanardan köp. Ynha, bu synlap duran bagyňyz hem şolaryň biri — diýip, daýhan birleşiginiň başlygy Gurbangeldi Atabaýew buýsanç bilen sözüni dowam etdirdi: — Şeýle asy

Maldarlaryň yhlasly zähmeti

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň esasy ugurlarynyň biri bolan maldarçylygy ösdürmek babatdaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde, mallaryň baş sanynyň artdyrylmagyna, önümliliginiň ýokarlandyrylmagyna giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle zerur şertlerden peýdalanyp, gaýratly zähmet çekýän hem-de guwandyryjy üstünlikleri gazanmagy başarýan maldarlar biziň welaýatymyzda hem sanardan köp. Şeýle zähmetsöýer, maljanly adamlaryň alyp barýan işleri hakynda aýdylanda, Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň mysalynda-da düýpli gürrüň etmek mümkin. Çünki bu öňdebaryjy hojalykda oba hojalygynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, maldarçylyga hem uly üns berlip, onuň netijeli bolmagy üpjün edilýär. Bu bolsa paýdarlar jemgyýetiniň maldarlarynyň hormatly Prezidentimiziň ilatyň ýokary hilli maldarçylyk önümlerine bolan islegini doly kanagatlandyrmak barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşmaklaryna ýardam berýär.

Bir etrapdan iki habar

Täze hasylyň binýady Ruhubelent etrabynyň edermen gallaçylary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 10 müň gektar meýdanda guşgursak bugdaýyň bereketli hasylyny kemala getirip, Watan harmanyna tabşyrdylar. Olar şu günler bugdaýdan boşan ýerleri geljek ýylyň hasyly üçin taýýarlamak işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Munuň üçin bugdaý ekiljek ýerlerde şüdügär sürümi, tekizleme, çil çekmek işleri gyzgalaňly dowam etdirilýär. Etrabyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginde, «Ýedi hazynadan bereket», «Boz ýaýla», «Täze birleşik», «Bagt içinde» daýhan hojalyklarynda alnyp barylýan işler bellemäge mynasypdyr. Ýerleri güýzki bugdaý ekişine taýýarlamakda etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kuwwatly traktorlary öndürijilikli işledilýär. Bu işde daýhan hojalyklarynyň mehanizatorlary Sapar Annaýew, Zafar Ärjanow, Batyr Hallyýew, Güýç Täjibaýew, Hudaýberdi Garlyýew dagy hem köplere görelde görkezýärler. Olaryň her biri özleriniň erk edýän ýokary öndürijilikli tehnikalary bilen günde 15 — 17 gektar ýerde şüdügärleme işlerini talabalaýyk geçirýärler. Gallaçylaryň, hünärmenleriň we mehanizatorlaryň bilelikde alyp barýan sazlaşykly işleri ekiş möwsümine ýokary derejede taýýarlykly barmaga mümkinçilik berýär.

Datly bakja önümleri

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek, bazarlarymyzy gök we bakja önümleri, miweler bilen doly üpjün etmek, olary ilatymyza elýeterli bahalar bilen ýetirmek baradaky talaplaryna mynasyp zähmetleri bilen jogap bermegi maksat edinýän welaýatymyzyň kärendeçi daýhanlary şu ýylyň ýaz paslynda Garagum derýasynyň boýlaryndaky mes toprakly meýdanyň 2 müň 620 gektaryna bakja ekinlerini ekdiler. Şu günler bereketli meýdanlarda ýetişdirilen datly nygmatlary isripsiz ýygnap almak işleri gowşamaýan depginlerde alnyp barylýar. Ekin meýdanlaryndan gawundyr garpyzyň, kädiniň bol hasyly ýygnalyp, ak bazarlarda elýeterli bahalardan ilatymyza ýetirilýär.

Bir etrapdan iki habar

Bereketli pomidor hasyly Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda gowaça, bugdaý, şaly bilen bir hatarda, gök ekinleri kemala getirmeklige-de aýratyn üns berilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ilaty ter gök önümler bilen ýeterlik üpjün etmek barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirlendir. Şunlukda, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda etrap boýunça 130 gektara pomidor ekilip, onuň bol hasyly ýetişdirildi. Häzirki günlerde bolsa ony ýitgisiz ýygnap almak işleri gyzgalaňly dowam etdirilýär.

«Miweli Diýaryň» datly nygmatlary

Tejen etrabynyň «Miweli Diýar» daýhan hojalygynyň alyp barýan işleri barha ilerleýär. Munuň şeýledigine datsaň tagamy agzyňdan gitmeýän, Gün nuruna lowurdap bişen gawun-garpyzly meýdanlarda bolanyňda aýdyňlygy bilen göz ýetirýärsiň. Anna Allaberdiýewyň ýolbaşçylyk edýän daýhan hojalygynyň zähmetsöýer daýhanlary üstümizdäki ýylda beýleki oba hojalyk ekinleri bilen bir hatarda, bakjanyň hem bol hasylyny ýetişdirdiler. Daýhan hojalygynda zähmet çekýän bakjaçy Orazgeldi Gaýgysyzowyň ýetişdiren gawundyr garpyzlary datlylygy bilen tapawutlanýar.

Arzyly käriň eýesi

Bal öndürýän arylary idetmek bilen meşgullanmak jogapkärçiligi hem tejribeliligi talap edýän kärleriň biridir. Şeýle arzyly käre gol beren ildeşlerimiziň biri-de Hudaýnazar Meredowdyr. Mundan 20 ýyla golaý wagt öň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Soltanbent geňeşliginiň Dostluk obasynda tejribeli balaryçylaryň ýanynda işe başlan Hudaýnazar Meredow geçen döwrüň içinde bu ugurda kämilleşdi. Ol balarylary özbaşdak idetmegiň, olardan ýokary hilli önüm almagyň inçe syrlaryny yhlaslylyk bilen öwrenip, tejribeli balaryçylaryň hataryna goşuldy.

Täze hasylyň aladalary

Atyzlar görke gelýär Tejribeli daýhan Berdimuhammet Myratberdiýewiň ýolbaşçylyk edýän 1-nji pagtaçylyk topary diňe bir «Zähmet» daýhan birleşiginde däl, eýsem, Babadaýhan etrabynda hem öňdebaryjylaryň biri hasaplanýar. Ol indi ýigrimi bäş ýyldan bäri topara ýolbaşçylyk edip gelmek bilen, ýylyň-ýylyna gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmekde guwandyryjy netijeleri gazanýar.

Bu toprakda bereket kän, baýlyk kän, daýhan yhlasyndan doly desterhan!

Tomus paslynda daýhan zähmetinden, yhlasyndan kemala gelen miweli baglarda, ekerançylyk meýdanlarynda bol hasyl ýetişdi. Bereketli topragymyzda ösdürilip ýetişdirilýän baldan datly ir-iýmişleriň, gök-bakja önümleriniň bitginli hasyly ak bazarlarymyzy, naz-nygmatly saçaklarymyzy bezäp, azyk bolçulygynyň pugtalanýandygyna şaýatlyk edýär. Biz hem mele topraga bagry badaşan, toprakdan rysgyny tapýan, şeýle-de, şol önümleri ilatymyza ýetirmekde ak ýürekden hyzmat edýän ildeşlerimiziň buýsançly sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Bazar bolçulygynyň höziri