Ýada salar erem bagyn

1 Awgust 2023
435

— Şu ýyl tebigat miwäniň görlüp-eşidilmedik hasylyny eçildi. Tüweleme, miweler daragtlaryň şahalaryna agram salyp, döwüläýjek bolýar — diýip, ýaňy-ýakynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Gum güzer» daýhan birleşiginiň Akýap obasynda bolanymyzda, ýaşulular buýsanç bilen gürrüň berdiler. Dogrudan hem, gadymy Murgap derýasynyň bol suwundan ganyp, kemsiz ýetişen miweler «Meniň tagamymy dadyp göräý-dä!» diýen terzde başyny aşak egip, biri-birinden öň ýolnup iýilmegine mähetdel bolup durana çalym edýär. Hersi özüniň tebigy reňki, säheriň arassa çygyna buldurap, göwnüňi gandyryşyna Erem bagyny ýada salýar. Asyl-ha, ýagşyzadalaryň hasasy dürtülip geçilen türkmen topragy altyn Güneşiň çogly nuruna bäs gelip bilmän, darka-darka ýarylyp, dünýäniň datly tagamlaryny adamzat nesline sowgat berýär. Ol tagamlar desterhanymyzyň bezegi, derdimiziň dermany, sebäbi her bir miwäniň jana melhem häsiýetleri bar.

Akýap obasynyň ileri çetinden gireniňde, seleňläp oturan baglara gözüň düşýär. Miweli baglaryň ekilen meýdany gözýeterden uzakda. Ol meýdan tolkunlaryny asudalyk bilen kenara urýan ummana, miweleri ýygyp, sebetlere salýanlar bolsa, ummanda gämi bilen gezelenç edýäne meňzeýär.

Ogulbaýram TAGANOWA,
žurnalist.