Bir etrapdan iki habar

26 Iýul 2023
438

Bereketli pomidor hasyly

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda gowaça, bugdaý, şaly bilen bir hatarda, gök ekinleri kemala getirmeklige-de aýratyn üns berilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ilaty ter gök önümler bilen ýeterlik üpjün etmek barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirlendir. Şunlukda, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda etrap boýunça 130 gektara pomidor ekilip, onuň bol hasyly ýetişdirildi. Häzirki günlerde bolsa ony ýitgisiz ýygnap almak işleri gyzgalaňly dowam etdirilýär.

Döwletgeldi SAPAROW,
TAP-nyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň hasapçysy.