Ene ýerden döwlet tapan

28 Iýul 2023
689

Türkmen «Edenli adam topragy altyna öwrer» diýýär. Ahal welaýatynda hem şeýle edenli daýhanlaryň sany, tüweleme, juda kän. Olar ene ýerden bol hasyl almak üçin dökün, suw, tehnika bilen üpjünçilik babatda döwlet tarapyndan döredilip berilýän şertlerden peýdalanyp, ruhubelentlikde zähmet çekýärler. Indi 50 ýyldan gowrak bäri toprak bilen bagry badaşan, Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Jeren Akjanowa welaýatda öňdebaryjy daýhanlaryň biri. Pagtanyň bol hasylyna garaşýan tejribeli daýhanyň ekinine baranyňda, gozalap oturan gür şahaly gowaçany synlap, gözüň dokunýar.

— Ekin ýerim obanyň gündogarynda. Gün dogmazyndan ozal ekin ýerime barmak, ir salkyndan işlerimizi ýerine ýetirmek endige öwrülip gidipdir. Durmuşyň gyzygy hysyrdyly zähmetde. Ömrümiz bereketli meýdanlarda geçdi. Ene ýerden döwlet tapdyk — diýip, Jeren eje gowaça peliniň başynda goja tuduň saýasynda, çaý başynda gürrüň berdi.

Çaryguly HANJAÝEW.
«Türkmenistan».