Bagban bagyndan belli

26 Iýul 2023
432

Obanyň çetindäki ýaşyl öwsüp oturan gür bagyň bir gyrasyndan gireniňde, gözüňi dokundyryp, ýüküni göterip bilmän oturan miweli agaçlaryň bereketli hasylyna gözüň düşýär. Edil şol wagt hem: «Tüweleme, adam eli şeýle gözelligi döredip bilýän eken» diýen pikir seriňi gurşap alýar. Megerem, bu bagy ýetişdirmekde maňlaý derini döken bagban Hakyň nazary düşen ynsan bolsa gerek... Şeýle pikirleri hakydamda aýlap durşuma, eli pilli, uzyn boýly, iş eşikli bir adam bize tarap ýuwaş ädimläp ugrady. Bu bagban — Boldumsaz etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň 8-nji kärendeçiler toparynyň agzasy Amannazar Begow. Amannazar aga il içinde sylanylýan, bagbançylygyň inçe tilsimlerini birkemsiz ele alan, ömrüniň 20 ýyldan gowragyny şu käre bagyş eden, häzir hem bu işi yhlasly dowam etdirýän ynsan. Onuň 1,2 gektar meýdanynda miweli agaçlaryň dürli görnüşleriniň 300-den gowrak düýbi bar.

— Güneşli ýurdumyzda çekýän halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaga uly mümkinçilik bar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, halkymyzy özümizde öndürilýän önümler bilen üpjün etmek, bazar bolçulygyny döretmek baradaky berýän yzygiderli tabşyryklaryndan ugur alyp yhlasly zähmet çekýän bagbanlar daýhan birleşigimizde barmak basyp sanardan köp. Ynha, bu synlap duran bagyňyz hem şolaryň biri — diýip, daýhan birleşiginiň başlygy Gurbangeldi Atabaýew buýsanç bilen sözüni dowam etdirdi: — Şeýle asylly kesbini söýýän yhlasly bagbanlaryň hatarynda Döwlet Annaýew, Baýrambaý Geldimädow, Begenç Jojanow dagy hem bar.

Raziýa GAÝYPJANOWA,
«Daşoguz habarlary».