Bir etrapdan iki habar

26 Iýul 2023
546

Täze hasylyň binýady

Ruhubelent etrabynyň edermen gallaçylary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 10 müň gektar meýdanda guşgursak bugdaýyň bereketli hasylyny kemala getirip, Watan harmanyna tabşyrdylar. Olar şu günler bugdaýdan boşan ýerleri geljek ýylyň hasyly üçin taýýarlamak işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Munuň üçin bugdaý ekiljek ýerlerde şüdügär sürümi, tekizleme, çil çekmek işleri gyzgalaňly dowam etdirilýär. Etrabyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginde, «Ýedi hazynadan bereket», «Boz ýaýla», «Täze birleşik», «Bagt içinde» daýhan hojalyklarynda alnyp barylýan işler bellemäge mynasypdyr. Ýerleri güýzki bugdaý ekişine taýýarlamakda etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kuwwatly traktorlary öndürijilikli işledilýär. Bu işde daýhan hojalyklarynyň mehanizatorlary Sapar Annaýew, Zafar Ärjanow, Batyr Hallyýew, Güýç Täjibaýew, Hudaýberdi Garlyýew dagy hem köplere görelde görkezýärler. Olaryň her biri özleriniň erk edýän ýokary öndürijilikli tehnikalary bilen günde 15 — 17 gektar ýerde şüdügärleme işlerini talabalaýyk geçirýärler. Gallaçylaryň, hünärmenleriň we mehanizatorlaryň bilelikde alyp barýan sazlaşykly işleri ekiş möwsümine ýokary derejede taýýarlykly barmaga mümkinçilik berýär.

Annageldi BEKIÝEW,
öz habarçymyz.