Gowaçalaryň idegi ýetirilýär

27 Iýul 2023
465

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Köneürgenç etrabynyň «Derýalyk» daýhan birleşiginiň babadaýhanlary 1000 gektar meýdana gowaça ekip, şondan 1990 tonna «ak altyn» öndürmegi meýilleşdirýärler. Asylly maksady ýörelge edinýän hojalygyň kärendeçileri şu günler gowaçalara ideg etmek işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda talabalaýyk geçirmegi guramaçylykly alyp barýarlar. Daýhan birleşiginde pagtaçylyk bilen meşgullanýan kärendeçi toparlarynyň 12-si hereket edip, olarda 78 sany daýhan bereketli hasyl ýetişdirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýär. Bu babatda aýratyn hem hojalygyň Myrat Ödäýew, Bekdurdy Sopyýew, Öregylyç Öregylyjow dagynyň baştutanlyk edýän 3, 4, 5-nji kärendeçiler toparlarynda öwgä mynasyp işler bitirilýär. Olarda gowaçalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmeklige aýratyn üns berilýär. Bu möhüm işde hatarara bejergi geçirýän traktorlaryň 12-si bökdençsiz işledilýär. Netijede, hojalyk boýunça günde 80-90 gektar meýdanyň gowaçasy iýmitlendirilýär. Şunda Begenç Saparow, Baýrammyrat Kerimow, Tirkeş Gurbangylyjow ýaly tejribeli mehanizatorlaryň ýerine ýetirýän işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Gowaçalaryň kadaly boý almagynda, hasyl düwünçeklerini toplamagynda ösüş suwunyň möhüm ähmiýeti bar. Şuňa oňat düşünýän kärendeçi daýhanlar onuň giň gerimde ýaýbaňlandyrylmagyny gazanypdyrlar. Ösüş suwunyň gündelik tutulýan meýdany hojalykda 40 — 50 gektardan geçýär. Umuman, pagtaçy daýhanlar bereketli hasyl ýetişdirmek ugrundaky ähli iş tejribelerini, ukyp-başarnyklaryny orta goýup, päk zähmetiň nusgasyny görkezýärler.

Gurbannepes TÄÇMEDOW,
TDP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.