Ätiýaçlyk ot gory ýygnalýar

1 Awgust 2023
392

«Oty köpüň — maly dok» diýlen parasatly pähimden ugur alyp, ýylyň-ýylyna bol ätiýaçlyk ot-iým gorunyň döredilmegini gazanýan Mary welaýatynyň maldarlary hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda-da bu ugurdaky işlerini mynasyp depginde dowam etdirýärler. Bu babatda Tagtabazar etrabynyň kärendeçi maldarlarynyň bitirýän işleri hem bellenilmäge mynasypdyr. Etrap boýunça geljek gyş üçin 24 müň 182 tonna ot taýýarlamagy maksat edinen dowardarlar häzir bu möhüm işiň depginini barha güýçlendirýärler. Bu işe diňe çopan-çoluklar däl, eýsem, goşmaça adam güýji hem-de zerur tehnikalar çekilipdir.

Ätiýaçlyk ot gory diňe bir medeni zonada ýygnalýan samandyr ýandagyň däl, eýsem, uzak öri meýdanlaryndaky otlaryň hasabyna-da barha köpelýär. Netijede, gündelik taýýarlanylýan meýdan otlarynyň ortaça mukdary şu günki gün etrap boýunça 350 tonnadan hem geçýär. Bu möhüm iş etrap «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň düzümine girýän maldarçylyk hojalyklarynyň 6-synda hem turuwbaşdan gowy badalga aldy. Gyş üçin ätiýaçlyk ot goruny taýýarlamakda «Serhetçi», «Ýeňiş», «Çemenabat» maldarçylyk hojalyklarynyň maldarlarynyň nusgalyk zähmet çekýändiklerini hem guwanç bilen bellemek bolar.

Öz habarçymyz.