Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

26 Iýul 2023
463

PÄK ZÄHMETIŇ MIWESI

Ýolöten etrabynyň daýhan birleşikleriniň oba hojalykçylary ýerden bereketli hasyl almakda ýokary iş öndürijilikli tehnikalardan, dökünlerden, suwdan ýeterlikli peýdalanýarlar. Olar bugdaýyň, gowaçanyň köp hasyl berýän görnüşlerini ekýärler. Şeýle hem döwlete köp hasyl tabşyrýarlar. Indi ençeme ýyllardan bäri gök-bakja önümlerini-de özlerinde ýetişdirýärler. Datly önüm bolan gant şugundyryny ýylyň ikinji hasyly hökmünde öndürýärler. Ýerden ýeterlik hasyl alýan ýer eýeleri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň uly-uly goldawlaryndan hoşal bolup işleýärler.