Täze hasylyň aladalary

25 Iýul 2023
542

Atyzlar görke gelýär

Tejribeli daýhan Berdimuhammet Myratberdiýewiň ýolbaşçylyk edýän 1-nji pagtaçylyk topary diňe bir «Zähmet» daýhan birleşiginde däl, eýsem, Babadaýhan etrabynda hem öňdebaryjylaryň biri hasaplanýar. Ol indi ýigrimi bäş ýyldan bäri topara ýolbaşçylyk edip gelmek bilen, ýylyň-ýylyna gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmekde guwandyryjy netijeleri gazanýar.