Süýji bolýar ekip iýseň...

1 Awgust 2023
577

Şu günler güneşli Diýarymyzyň bakjaçy daýhanlary üçin iň gyzgalaňly möwsüm dowam edýär. Janypkeş daýhanlarymyz arly ýyl maňlaý derini siňdirip, yhlasly çeken zähmetiniň hözirini görýärler. Olar ekin meýdanlarynda ösdürip ýetişdiren bakja önümleriniň — gawun-garpyzlaryň bol, bereketli hasylyny ýygnamak bilen meşgullanýarlar.

Gawuny ildeşlerimiz gowy görüp iýýärler, sebäbi gawunyň düzümi ynsan saglygy üçin iňňän peýdaly minerallara baý bolup, gawundan taýýarlanýan guradylan kak önümi bolsa, irki wagtlardan bäri şirin nygmat we dermanlyk önümi hökmünde hem giňden meşhur bolupdyr.

Jennet RAIMBAÝEWA,
«Bereketli toprak».