Çopan malyn sürüp ýaýla çykanda

26 Iýul 2023
591

Şu günlerde welaýatymyzyň maldarlary öri meýdanlarda dowarlaryny ine-gana otladýarlar. Maldarçylyk hojalyklarynyň bäşisinde dowarlaryň 21 müň 236-sy ýaşyl öwüsýän ýaýlalardyr sähralyklarda erkana idedilýär. Bu iş Saýat etrabynyň «Jeýhun» maldarçylyk hojalygynyň öri meýdanlarynda hem göwnejaý guralýar.

— Ynha, düýn çölden dolanyp geldim. Giçlik çopanlar bilen hoşlaşyp, oba tarap ýola düşenimizde hem howanyň gyzgyny gaýtmandy. Howanyň aşa gyzýan günlerinde çopanlarymyzyň hal-ýagdaýlaryndan ýörite habar aldyk — diýip, Saýat etrabynyň «Jeýhun» maldarçylyk hojalygynyň başlygy Myrat Hasanow ilgeziklik bilen gürrüň berýär. — Olaryň iş we dynç alyş şertleri bilen gyzyklandyk. Maldarlarymyzyň hersiniň 20-30 ýyl iş tejribesi bar. Mallaryny yssyda-sowukda bakmagyň usullaryny gowy bilýärler. Epgekli günlerde öýländen soň howanyň ýagdaýyna seredip, dowarlaryny gije bakyma çykarýarlar. Ertesi sagat 10-lara ýakyn dowarlary goşdaky guýynyň suwundan ine-gana gandyrýarlar. Gündizine yssyda dowarlar örä çykarylmaýar.

Ilmyrat DÖWLETOW.