Arzyly käriň eýesi

25 Iýul 2023
482

Bal öndürýän arylary idetmek bilen meşgullanmak jogapkärçiligi hem tejribeliligi talap edýän kärleriň biridir. Şeýle arzyly käre gol beren ildeşlerimiziň biri-de Hudaýnazar Meredowdyr.

Mundan 20 ýyla golaý wagt öň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Soltanbent geňeşliginiň Dostluk obasynda tejribeli balaryçylaryň ýanynda işe başlan Hudaýnazar Meredow geçen döwrüň içinde bu ugurda kämilleşdi. Ol balarylary özbaşdak idetmegiň, olardan ýokary hilli önüm almagyň inçe syrlaryny yhlaslylyk bilen öwrenip, tejribeli balaryçylaryň hataryna goşuldy.

Akmyrat MÜRZÄÝEW,
öz habarçymyz.