Ýeralmanyň bitginli hasyly

1 Awgust 2023
637

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda 565 gektarda ekilen ýeralmanyň boldumly hasylynyň ýetişýändigini göreniňde, bu ýerde zähmet çekýän kärendeçileriň ekinlere siňdirýän yhlaslarynyň ýerine düşýändigine tüýs ýürekden guwanýarsyň. Şol kärendeçileriň aglabasy Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň agzalary. Wagtly-wagtynda suwarylýan, zyýankeşlere garşy göreş çäreleri yzygiderli amala aşyrylýan ekinler göwnüňi göterýär.

Hünärmenleriň ýeralmanyň häzirki ýagdaýyndan çen tutup hasaplamalaryna görä, kärendeçileriň aglabasynyň her gektardan meýilnama boýunça öndürilmeli 14 tonna ýeralma derek, bu görkezijini 21 – 23 tonna ýetirmäge mümkinçilikleri bar. Şular ýaly bol hasylyň kemala gelmegi üçin ýeralmaçy kärendeçilerden Taganmyrat Çaryýewiň, Agamät Babaýewiň, Gurbanmuhammet Sopyýew, Magtymguly Allakulyýew ýaly mehanizatorlaryň nusga alarlyk iş bitirýändiklerini uly buýsanç bilen agzasymyz gelýär.

Wepa ÝAGMYROW,
TAP-nyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň esasy hünärmeni.