"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Gowaçadan bol hasyl almagyň ylmy esaslary

Pagta biziň baýlygymyz. Şonuň üçin onuň ýokary hasyllylygyny gazanmak derwaýysdyr. Munuň üçin gowaçanyň tohumlyk çigidiniň arassa bolmagy zerurdyr. Ekişi ýokary arkaly tohumlar bilen geçirmek gowaçanyň hasyllylygyny 10 – 15 göterim ýokarlandyrýar. Gowaçanyň hatarara bejergisi onuň ösüş döwründe 7 – 8 gezek geçirilýär, her ösüş suwunyň aralygynda bejergi işi 2 gezekden geçirilse, maksadalaýyk bolar. Gowaçadan ýokary hasyl almak üçin agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmelidir. 110 – 120 müň düýp gowaçanyň gektardan kadaly gürlügini almak üçin ýekeleme döwri hatararasy 10 santimetrden goýlan ösümlik kadalaýykdyr. Onuň esasy şertleriniň biri toprak we howa ýagdaýlarynyň, olaryň biologiýasynyň laýyk gelmegidir. Gowaçanyň dökün üpjünçiliginiň gowulanmagy onuň suwa bolan talabyny hem güýçlendirýär. Şoňa görä-de, onuň gülleýän döwründe gije-gündizki sarp edýän suwunyň möçberi gektara 35 – 40 kubmetre barabar bolýar.

«Ak altynyň» ussady

Ýurdumyzda kärendeçi daýhanlarymyzyň alyn deri, yhlasly zähmeti bilen gowaçanyň bol hasyly ýetişdirilýär. Watanymyzyň ýylsaýyn beýgelýän «ak altynly» harmanlary bolçulygy, ene topraga ömrüni baglan ussat daýhanlarymyzyň rowaçly menzillerini, üstünliklerini alamatlandyrýar. Olaryň päk zähmeti bilen ýetişdirilýän «ak altynyň» bereketli hasyly ýurdumyzyň dokma senagaty üçin esasy çig mal bolup durýar. Welaýatymyzyň beýleki etraplarynda bolşy ýaly, Babadaýhan etrabynda hem ýylyň-ýylyna gowaçanyň bereketli hasylyny döwlet harmanyna tabşyrýan «ak altyn» ussatlarynyň ençemesi bar. Döwlet tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirýän kärendeçileriň biri-de «Zähmet» daýhan birleşiginiň 1-nji pagtaçylyk toparynda zähmet çekýän kärendeçi Annamuhammet Myratberdiýewdir. Onuň maşgala agzalaryna baş bolup, 10 gektar kärende ýerindäki gowaçaly atyzlaryny göreniňde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bellenjek hasyl toýuna zähmet sowgady bilen barmak baradaky asylly maksatlarynyň wysal boljakdygyna aýdyň göz ýetirýärsiň. Ýaşyl ýapynjaly gowaçaly meýdanlar gül-gunçalara, düzüm-düzüm gozalara beslenip otyr. Geçen ýyl kärende ýeriniň her gektaryndan 30 sentnerden gowrak hasyl almagy başaran zähmetsöýer kärendeçiniň turuwbaşdan oňat ideg bilen gurşan gowaçaly atyzlaryndan göwni hoş. Topragyň tabyny bilip, ekiniň idegini birkemsiz ýetiren kärendeçi şu ýyl hem gowaçaly meýdanynyň her gektaryndan 3

Reňkli däneler

Reňkli mekgejöweniň Hristofor Kolumbyň ýaşan döwründe Amerikada ýüze çykandygy çaklanylýar. Karl Berns atly fermer reňkli mekgejöweni köp mukdarda ösdürip ýetişdirmegi başarýar. Ol birnäçe ýyllaryň dowamynda mekgejöwenleriň gibrid görnüşlerini ýygnap, olary açyk tozanlandyrma arkaly çaknyşdyrýar. Berns 2005-nji ýyldan bäri açyk meýdan şertlerinde mekgejöwen ösdürip, her ýylda ondan bol hasyl alýar. 2008-nji ýyldan başlap, Berns diňe reňkli mekgejöweniň dürli sortlaryny ösdürmek bilen meşgullanýar. Reňkli mekgejöweniň däneleriniň himiki düzüminiň 80 göterimini krahmal, 5 göterimini ýag, 15 göterimini belok tutýar. Däneleriň sary, ak, goňur, gara, mämişi, gülgüne, gyrmyzy reňkleri bar. Mekgejöweniň reňkli görnüşi ir ýetişýändigi we oňat hasyllylygy bilen meşhurdyr. Mundan başga-da, ol sowuga çydamlylygy, howanyň temperaturasynyň duýdansyz üýtgemegine durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Kömelek kesellerine we çüýremä aňsat duçar bolmaýar.

Ýaşlaryň hünär bilimi kämilleşdirilýär

Eziz Watanymyzda ýaşlaryň bilim we hünär derejesini ýokarlandyrmaga, durmuş üpjünçiligini has-da gowulandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine ýaşlaryň bilimli, ylymly, başarnykly hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amala aşyrylýan işleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň ýaş nesline bildirilýän uly ynamyň aýdyň mysalydyr. Bu ugurda ýaşlar syýasatynyň ähmiýetine hem ýokary baha berilýär. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» kämil bilimli, dünýä dilleri bilen gyzyklanýan ýaşlaryň innowasion tehnologiýalary, sanly bilim ulgamy çuňňur özleşdirmeklerini artdyrmak, döwlet derejesinde olar üçin ylmy-döredijilik merkeziniň işiniň, ylmy gurnaklaryň we geňeşleriň gerimini giňeltmek, döwrebap, paýhasly ýaşlary taýýarlamak ýaly wezipeler göz öňünde tutulýar. Ýaşlaryň sagdyn durmuş endiklerini, başarnyklaryny ösdürmek we medeni guramaçylyk işleri arkaly olaryň zehinlerini açyp görkezmek, saýlap alan hünärine ugrukdyrmak we höweslendirmek bilim edaralarynyň esasy wezipeleriniň biridir.

Täze tehnikalar — daýhanyň daýanjy

Bugdaý oragyndan soň, sürüm işleriniň dowam edýän häzirki günlerinde Lebap welaýatynyň oba hojalyk önümçilik birleşigine kuwwatly tehnikalaryň 62-si gelip gowuşdy. Bu bolsa pudakda işleriň barha ilerlemegine goşant boldy. Sebitiň suw hojalyk işgärleri bu ugra degişli tehnikalaryň 33-sini sowgat aldylar. Gündogar sebitiň oba hojalykçylarynyň ygtyýaryna gelip gowşan tehnikalar ýurdumyz bilen uzak ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edip gelýän «John Deere» kompaniýasynyň 6195M kysymly traktorlarydyr. Häzir welaýatyň mes toprakly meýdanlarynda bu iri kompaniýanyň kuwwatly traktorlarynyň ýüzlerçesi işledilýär. Olaryň üsti täze tehnikalaryň ýene-de 62-si bilen ýetirildi.

Tomsuň lezzetli nygmaty

Ýakynda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Waharman obasynda ýerli babadaýhanlar bilen söhbet edip, bereketli topragymyzyň ajaýyp nygmatlarynyň biri bolan gawun hakynda gyzykly hem-de täsin maglumatlary ýazga geçirdik. Bereketli mekanyň baýlygy

Dünýäniň kofe pudagy 2023: sanlar, maglumatlar, çaklamalar

Dünýäniň kofe bazarynyň 2023-nji ýyldaky hasabatyna laýyklykda, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda bu pudagyň girdejisi 88,35 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Girdejiniň esasy bölegi Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna degişli bolup, ýylyň başyndan bäri ýurda kofe pudagyndan 11 milliard amerikan dollary möçberinde girdeji girdi. Şeýle-de hasabata laýyklykda, bazaryň her ýyl 4,61 göterim ösmegine, 2030-njy ýyla çenli bolsa ýyllyk goşmaça ösüş depgininiň (Compound annual growth rate) 11,3 göterim ýokarlanyp, 51,4 milliard amerikan dollaryna ýetmegine garaşylýar. 2023-nji ýylyň kofe pudagynyň ösüşinde iň öňdebaryjy kompaniýalar:

Oba hojalygy

Tohumlyk gowaça ýetişdirilýär Boldumsaz etrabynyň gowaça meýdanlarynyň agramly böleginde gowaçanyň «Daşoguz-120» görnüşi ýetişdirilýär. Pagtaçylary gowaçanyň bu görnüşiniň ýokary hilli tohumy bilen üpjün etmekde «10 ýyl abadanlyk» daýhan birleşigindäki saýlantgy tohumçylyk hojalygynyň işgärleri netijeli çäreleri alyp barýarlar. Şu ýyl hem bu hojalykda gürrüňi edilýän gowaçanyň 3,5 gektar ýerde «tohummaýa», 40,18 gektar ýerde «naýbaşy», 328,86 gektar ýerde «saýlantgy», 127,46 gektar ýerde bolsa «A-1» görnüşi ösdürilip, olaryň idegi ýetirilýär.

Yhlasly zähmetiň lezzetli höziri

Toprak — bereket çeşmesi. «Ýykylsaň, ýere ýapyş» diýen pähime uýup, ony mizemez ýol-ýörelge edinen pederlerimiz topraga yhlas siňdirip, ekerançylyk medeniýetini kämilleşdiripdirler, ýyllaryň dowamynda iş tejribelerini artdyrypdyrlar. Alyn derini döküp, topraga ýeterlik ideg eden ata-babalarymyz bol hasyl almagyň-da hötdesinden gelipdirler. Bu günki gün hem daýhanlarymyz Babadaýhanyň kesp-kärini mynasyp dowam etdirýärler. Döwletimiz tarapyndan döredilip berilýän giň mümkinçiliklerden we şertlerden netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşýan daýhanlarymyzyň sany barha artýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň janypkeş daýhanlary-da şolaryň biri. Bu hojalyk jemgyýeti 2007-nji ýylda döredilipdir. Ilki ýuwujy serişdeleri öndürmek bilen meşgullanypdyrlar. 2016-njy ýylda bolsa bu hojalyk jemgyýetine Kaka etrabynyň çäginden döwlet tarapyndan 1000 gektar ýer bölegi bölünip berlipdir.

Güýzki ekişe ykjam taýýarlyk görülýär

31-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşyna seredildi. Ilki bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri sebitlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda hem ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada aýdyldy.

Ah­me­diň ak bugdaýy

Ahmet «jüýje sanaşmak» üçin güýze garaşyp durmady. Bugdaý oragy dowam edýärdi. Onda «Meniň kärende ýerimiň berjek hasyly hökman öňdäkileriň hatarynda bolaýmaly» diýen ynam bardy. Dogry, onuň tanaýan kärendeçileriniň arasynda topraga yhlas edişine göwni ýetýänleri az däldi. Şonuň üçinem ol «Hiç kimden kem durmaly däl, hiç kimden yza galmaly däl» diýip, işine berk ýapyşdy hem-de kalbynda üstünlige bolan ynama bil baglady. Ahmet ynamyny ýere eden yhlasy, saçan maňlaý deri, topraga sepen tohumy, gögerip çykan maýsa eden garaşygy we ýene-ýeneler bilen berkitdi. Üstünlige bolan ynam bilen çekilen zähmet soňunda bol hasyl bolup daýhana gaýdyp gelýär. Ahmet hem «Bag atyz» atly ekin meýdanynyň alty gektar kärende ýeriniň her gektaryndan üç tonna guşgursak däne ýygnap almaga borçnama edinenem bolsa, ol alynýan hasyly dört müň iki ýüz kilogramdan geçirmegi başardy. Şunlukda, ol döwletiň galla harmanyna bir müň iki ýüz kilogram artykmaç bugdaý hasylyny tabşyryp, diňe bir Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginde däl, eýsem Kerki etraby boýunça hem öňdäki orunlary eýeledi.

Gowaçalar hasyl toplaýar

Köneürgenç etrabynyň «Kyrkgyz» daýhan birleşiginiň 110 sany pagtaçy kärendeçisi 1360 gektar ýerde gowaça ösdürip ýetişdirýärler. Daýhan birleşiginiň ähli agzybir kärendeçileriniň, mehanizatorlarynyň çekýän öndürjilikli zähmetiniň netijesinde gowaçalaryň ideg işleri öz wagtynda, ýokary hilli geçirilýär. Otag, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, zyýan berijilerden goramak ýaly agrotehniki çäreleriň ählisiniň talabalaýyk geçirilmegi bilen gowaçalar kadaly boý alyp, bol hasyl toplaýarlar. Häzirki wagtda gowaçalara ösüş suwyny tutmak işi ýokary depginlerde barýar. Daýhan birleşiginde suw soryjylaryň 2-si hereket edip, olaryň gije-gündiziň dowamynda saz işledilmegi gazanylýar. Her günde 18 — 20 gektarda ösüş suwy tutulýar. Daýhan birleşiginiň miraplary, topar ýolbaşçylary suwyň talabalaýyk tutulşyna gözegçilik edýärler. Häzirki wagtda daýhan birleşiginiň Atageldi Mirişow, Hemra Annalyýew dagynyň ýolbaşçylyk edýän 2, 5-nji kärendeçiler toparynda ösüş suwyny tutmak işi has-da guramaçylykly dowam edýär. Gülhumar HOJAHMETOWA,TAP-nyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.

Päk zähmetiň höziri

Şu günler etrabymyzyň daýhanlary ýene bir jogapkärli möwsüme — pagta ýygymyna taýýarlyk görýärler. Olar gowaçalaryň hasyla durmagynyň öň ýanyndaky agrotehniki çäreleri geçirmek bilen meşgullanýarlar. «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Akgözel Jumalyýewa hem şolaryň hatarynda. Diňe bir bu hojalykda däl, eýsem, etrapda hem öňdebaryjy tejribeli daýhan hökmünde tanalýan bu zenan şu ýylyň baharynda 1,5 gektar meýdana gowaça ekip, oňa ýokary derejeli ideg edip gelýär. Biz onuň kärende ýerine baranymyzda, munuň şeýledigine göz ýetirdik. Doýgun ýaprakly, şahalary joýalary dolduryp duran, güllän, käbir ýerinde bolsa gozalan gowaçalar ideginiň ýetendiginden habar berýärdi. Güýzde bu atyzdan bol hasylyň alynjakdygyny çaklamak üçin oba hojalyk hünärmeni bolmak gerek däl. Ony ekiniň özi aýdyp dur.

Maksady myrat tapýan daýhan

Gatnawly ýoldan uzak bolmadyk ýerde dörän bag-bakjalyk meýdan bu ýerden geçýänleriň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerler Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Dostluk geňeşliginiň ýaşaýjysy Tirkeş Saparowyň esaslandyran «Gadym çeşme» daýhan hojalygyna degişli. Kiçi we orta telekeçiligi goldamak, ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek, ýeri hakyky eýesine bermek baradaky çözgütlerden ruhlanan Tirkeş Saparow 25 gektar meýdany özleşdirmegiň bada-bat ugruna çykdy. Kuwwatly tehnikalaryň kömegi bilen belentli-pesli ýerlerden tekiz atyzlary döretdi. Ene ýapdan şaha aýryp, gazdyryp, ýerlerine suw eltdi. Özüniň hususy traktory bilen zerur bolan işleri ýerine ýetirdi. Bu işleri amala aşyrmakda maşgala agzalary ony goldap, ýakyn kömekçilerine öwrüldiler. Janypkeş daýhanyň alyn derini siňdirip özleşdiren ýerlerinden ilki gowaçanyň, bugdaýyň hasyly alyndy. Elbetde, täze ýerlerden birbada göwün islän netijäni almak kyn. Muňa oňat düşünýän tutanýerli daýhan ýerleri ýerli we mineral dökünler bilen utgaşykly iýmitlendirdi. Şonuň netijesinde, hasyllylygyň görkezijisi ýylyň-ýylyna artmak bilen boldy. Soňky ýyllarda daýhan hojalygynyň ýerlerinde gök-bakja ekinlerini ekmek, dürli bag nahallaryny oturtmak yzygiderli ýola goýulýar. Häzirki wagta çenli bu ýerde erik, garaly, şetdaly, ülje ýaly dürli miweli agaçlaryň 500-den gowrak düýbi oturdylypdyr. Şolaryň arasynda hoz

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

YHLASLY ZÄHMET — EGSILMEZ RYSGAL Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny ösdürmek, oba ýaşaýjylarynyň ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça amala aşyrýan işleri daýhanlaryň mundan beýläk-de hyjuwly zähmet çekmegine uly itergi berýär. Welaýatymyzda şeýle işjanly, ýeriň diline düşünip, ondan bereket tapýan kärendeçilerdir bagbanlaryň birnäçesi bar. Olaryň biri hem Wekilbazar etrabynyň Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň bagbany Allamyrat Hommadowdyr.

Utgaşykly iş

— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şöhratly ýyllarynda daýhanyň çekýän päk zähmetine uly sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatlary netijesinde obahojalykçylar bolan biz ýerden bol hasyl almagyň aýdyň ýoluna düşdük. Biziň agzybir maşgala agzalarymyz hem “Çekseň zähmet, ýagar rehnet” diýen parasatly sözlere eýerip ene ýere zähmet derini siňdirýärler. — Üstümizdäki — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda 8 gektar bugdaýly ýerimizden 28 tonna 260 kilogram gallany döwlet harmanyna tabşyrdyk. Häzirki wagtda 17 gektar meýdandaky “Ýolöten-7” görnüşli gowaçamyzyň ujuny çyrpmak işine girişdik. Alty gektarda ýetişdiren ýeralma, sogan, sarymsak ýaly ekinlerimiziň hasyllaryny isripsiz ýygnadyk. Döwlete tabşyrýan hem-de öz bazarlarymyzda ýerleşdirýän bereketli hasyllarymyzdan sap girdeji alýarys. Munuň özi maşgala agzalarymyzyň ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar durmuşynda bolelin ýaşamagyna giň mümkinçilik döredýär. Biziň alyp barýan işlerimize uly-uly goldawlary berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerimizi aýdýarys — diýip, Ýolöten etrabynyň “Azatlyk” daýhan birleşiginiň halypa kärendeçisi Aýdu Kadyrow ýokary ruhubelentlik bilen gürrüň berýär.

Gowaçalar hasyl toplaýar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaçanyň ýerli toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl berýän görnüşleri ekildi. Şu günler welaýatymyzyň babadaýhanlary gowaçalara agrotehniki kadalara laýyk ideg edýärler. Hasyl toplap başlan gowaçalaryň dördünji hatarara bejergi işleri kadaly alnyp barylýar. Bu bolsa gowaçalaryň bol hasyl toplamagyna ýardam edýär. Gowaçalaryň hatarara bejergi işlerinde welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat we Bereket etraplaryndaky tehniki taýdan hyzmat ediş kärhanalarynyň mehanizatorlary kärendeçi pagtaçylara ýakyndan hemaýat berýärler. Bu işde kuwwatly traktorlaryň 125-siniň, ýer bejeriji enjamlaryň hem 116-synyň güýjünden netijeli peýdalanylýar. Tejribeli mehanizatorlar gowaçalaryň hatarara bejergisini talabalaýyk alyp barýarlar. Bejergi geçirilen ýerlere şerbet usuly bilen suw tutulmagy topragyň endigan, siňňitli hem gerekli mukdarda suwlulandyrylmagyna ýardam edýär.

Sazlaşykly tagallalaryň netijesi

Gadymy Ahal ýaýlasynyň edermen daýhanlary 135 müň gektar meýdanda gowaça ýetişdirip, häzirki günlerde ekiniň soňky ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar. Şu ýyl Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaçanyň, esasan, «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 14», «Ýolöten — 19», «Ýolöten — 39», «Aşgabat — 140» we «Jeýhun» ýaly görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Gowaçanyň ýerli toprak-howa şertlerinde oňat hasyl bermäge durnukly bu görnüşleri häzirki döwürde bol hasyla beslenýär.

Yhlas ýerine düşýär

Gökdepe etrabynda ýerleri uzakmöhletleýin ulanmaga alyp, olardan oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny alýan daýhanlar, tejribeli bagbanlar az däl. Olaryň çekýän yhlasly zähmeti netijesinde ýurdumyzda önüm bolçulygy pugtalanýar, saçaklarymyzyň berekedi artýar. Şeýle daýhanlaryň hatarynda Jumadurdy Osmanowyň ady hem ilkinjileriň hatarynda agzalýar. Jumadurdy Osmanow ýaşlykdan etrabyň «Şorgala» daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynda zähmet çekýär. Gowaça, galla, gaýry oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmekde, bag nahallaryny ösdürip, olardan ýokary hasyl almakda ýeterlik tejribe toplaýar. Ýurdumyzda amala aşyrylan oba hojalyk özgertmeleriň netijesinde, ol agzalan daýhan birleşigiň ekin meýdanlarynyň 22 gektaryny uzakmöhletleýin ulanmaga alýar. Indi birnäçe ýyldan bäri ulanmaga alan şol ýeriň 18 gektarynda gowaçadyr däne ýetişdirip gelýär, galan 4 gektar meýdany miweli baglar eýeleýär. Ol baglara göwnejaý ideg edip, ýylyň-ýylyna miwäniň göwün göteriji hasylyny alýar.

Işler sazlaşykly barýar

Welaýatymyzda oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak ugrunda uly tagallalar edilýär. Häzirki günlerde gowaçaly meýdanlara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, pagta ýygymyna taýýarlykly barmak boýunça ýerine ýetirilýän işler bu babatda bellenilmäge mynasypdyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatymyzyň edermen pagtaçy daýhanlarydyr ýer eýeleri 135 müň gektarda gowaça ýetişdirip, şondan 280 müň tonna ýokary hilli hasyl almagy maksat edinýärler. Bu belent maksat daýhanlarymyzy, tutuş oba hojalyk işgärlerini tutanýerli işlemäge ruhlandyrýar. Häzirki günlerde bol hasyla beslenýän gowaçaly meýdanlara ideg işleri soňky tapgyrlarda alnyp barylýar. Etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň abatlaýjy ussalarydyr hünärmenleri bolsa, möwsümde ulanyljak pagta ýygyjy kombaýnlary doly taýýarlyk hatarynda goýmakda yhlasly zähmet çekýärler. Şol bir wagtyň özünde hasyly kabul etjek kärhanalardyr harmanhanalaryň taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär.