Yhlasly zähmetiň lezzetli höziri

3 Awgust 2023
467

Toprak — bereket çeşmesi. «Ýykylsaň, ýere ýapyş» diýen pähime uýup, ony mizemez ýol-ýörelge edinen pederlerimiz topraga yhlas siňdirip, ekerançylyk medeniýetini kämilleşdiripdirler, ýyllaryň dowamynda iş tejribelerini artdyrypdyrlar. Alyn derini döküp, topraga ýeterlik ideg eden ata-babalarymyz bol hasyl almagyň-da hötdesinden gelipdirler. Bu günki gün hem daýhanlarymyz Babadaýhanyň kesp-kärini mynasyp dowam etdirýärler. Döwletimiz tarapyndan döredilip berilýän giň mümkinçiliklerden we şertlerden netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşýan daýhanlarymyzyň sany barha artýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň janypkeş daýhanlary-da şolaryň biri.

Bu hojalyk jemgyýeti 2007-nji ýylda döredilipdir. Ilki ýuwujy serişdeleri öndürmek bilen meşgullanypdyrlar. 2016-njy ýylda bolsa bu hojalyk jemgyýetine Kaka etrabynyň çäginden döwlet tarapyndan 1000 gektar ýer bölegi bölünip berlipdir.

Soltanýaz ŞAÝYMOW,
«Garagum».