Maksady myrat tapýan daýhan

2 Awgust 2023
376

Gatnawly ýoldan uzak bolmadyk ýerde dörän bag-bakjalyk meýdan bu ýerden geçýänleriň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerler Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Dostluk geňeşliginiň ýaşaýjysy Tirkeş Saparowyň esaslandyran «Gadym çeşme» daýhan hojalygyna degişli. Kiçi we orta telekeçiligi goldamak, ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek, ýeri hakyky eýesine bermek baradaky çözgütlerden ruhlanan Tirkeş Saparow 25 gektar meýdany özleşdirmegiň bada-bat ugruna çykdy. Kuwwatly tehnikalaryň kömegi bilen belentli-pesli ýerlerden tekiz atyzlary döretdi. Ene ýapdan şaha aýryp, gazdyryp, ýerlerine suw eltdi. Özüniň hususy traktory bilen zerur bolan işleri ýerine ýetirdi. Bu işleri amala aşyrmakda maşgala agzalary ony goldap, ýakyn kömekçilerine öwrüldiler.

Janypkeş daýhanyň alyn derini siňdirip özleşdiren ýerlerinden ilki gowaçanyň, bugdaýyň hasyly alyndy. Elbetde, täze ýerlerden birbada göwün islän netijäni almak kyn. Muňa oňat düşünýän tutanýerli daýhan ýerleri ýerli we mineral dökünler bilen utgaşykly iýmitlendirdi. Şonuň netijesinde, hasyllylygyň görkezijisi ýylyň-ýylyna artmak bilen boldy. Soňky ýyllarda daýhan hojalygynyň ýerlerinde gök-bakja ekinlerini ekmek, dürli bag nahallaryny oturtmak yzygiderli ýola goýulýar. Häzirki wagta çenli bu ýerde erik, garaly, şetdaly, ülje ýaly dürli miweli agaçlaryň 500-den gowrak düýbi oturdylypdyr. Şolaryň arasynda hoz, badam ýaly del miweli agaçlaryň bolmagy has haýran galdyrýar. Miweli baglaryň köpüsi şu ýyl ilkinji hasylyny berdiler. Olaryň bereketli hasyly daýhan hojalygynyň agzalaryny has joşgunly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Olar baglaryň meýdanyny köpeltmegi we ýerleriň gyralaryna tut, gara söwüt, derek ýaly agaçlary oturtmagy hem maksat edinýärler.

Annageldi BEKIÝEW,
öz habarçymyz.