Reňkli däneler

8 Awgust 2023
384

Reňkli mekgejöweniň Hristofor Kolumbyň ýaşan döwründe Amerikada ýüze çykandygy çaklanylýar. Karl Berns atly fermer reňkli mekgejöweni köp mukdarda ösdürip ýetişdirmegi başarýar. Ol birnäçe ýyllaryň dowamynda mekgejöwenleriň gibrid görnüşlerini ýygnap, olary açyk tozanlandyrma arkaly çaknyşdyrýar. Berns 2005-nji ýyldan bäri açyk meýdan şertlerinde mekgejöwen ösdürip, her ýylda ondan bol hasyl alýar. 2008-nji ýyldan başlap, Berns diňe reňkli mekgejöweniň dürli sortlaryny ösdürmek bilen meşgullanýar.

Reňkli mekgejöweniň däneleriniň himiki düzüminiň 80 göterimini krahmal, 5 göterimini ýag, 15 göterimini belok tutýar. Däneleriň sary, ak, goňur, gara, mämişi, gülgüne, gyrmyzy reňkleri bar. Mekgejöweniň reňkli görnüşi ir ýetişýändigi we oňat hasyllylygy bilen meşhurdyr. Mundan başga-da, ol sowuga çydamlylygy, howanyň temperaturasynyň duýdansyz üýtgemegine durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Kömelek kesellerine we çüýremä aňsat duçar bolmaýar.

Gülnur OTUZOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.