Sazlaşykly tagallalaryň netijesi

2 Awgust 2023
486

Gadymy Ahal ýaýlasynyň edermen daýhanlary 135 müň gektar meýdanda gowaça ýetişdirip, häzirki günlerde ekiniň soňky ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar.

Şu ýyl Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaçanyň, esasan, «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 14», «Ýolöten — 19», «Ýolöten — 39», «Aşgabat — 140» we «Jeýhun» ýaly görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Gowaçanyň ýerli toprak-howa şertlerinde oňat hasyl bermäge durnukly bu görnüşleri häzirki döwürde bol hasyla beslenýär.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz).