Yhlas ýerine düşýär

1 Awgust 2023
560

Gökdepe etrabynda ýerleri uzakmöhletleýin ulanmaga alyp, olardan oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny alýan daýhanlar, tejribeli bagbanlar az däl. Olaryň çekýän yhlasly zähmeti netijesinde ýurdumyzda önüm bolçulygy pugtalanýar, saçaklarymyzyň berekedi artýar. Şeýle daýhanlaryň hatarynda Jumadurdy Osmanowyň ady hem ilkinjileriň hatarynda agzalýar.

Jumadurdy Osmanow ýaşlykdan etrabyň «Şorgala» daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynda zähmet çekýär. Gowaça, galla, gaýry oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmekde, bag nahallaryny ösdürip, olardan ýokary hasyl almakda ýeterlik tejribe toplaýar. Ýurdumyzda amala aşyrylan oba hojalyk özgertmeleriň netijesinde, ol agzalan daýhan birleşigiň ekin meýdanlarynyň 22 gektaryny uzakmöhletleýin ulanmaga alýar. Indi birnäçe ýyldan bäri ulanmaga alan şol ýeriň 18 gektarynda gowaçadyr däne ýetişdirip gelýär, galan 4 gektar meýdany miweli baglar eýeleýär. Ol baglara göwnejaý ideg edip, ýylyň-ýylyna miwäniň göwün göteriji hasylyny alýar.

Aýdo ŞEKEROW,
«Ahal durmuşy». Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.