Gowaçalar hasyl toplaýar

3 Awgust 2023
417

Köneürgenç etrabynyň «Kyrkgyz» daýhan birleşiginiň 110 sany pagtaçy kärendeçisi 1360 gektar ýerde gowaça ösdürip ýetişdirýärler. Daýhan birleşiginiň ähli agzybir kärendeçileriniň, mehanizatorlarynyň çekýän öndürjilikli zähmetiniň netijesinde gowaçalaryň ideg işleri öz wagtynda, ýokary hilli geçirilýär. Otag, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, zyýan berijilerden goramak ýaly agrotehniki çäreleriň ählisiniň talabalaýyk geçirilmegi bilen gowaçalar kadaly boý alyp, bol hasyl toplaýarlar. Häzirki wagtda gowaçalara ösüş suwyny tutmak işi ýokary depginlerde barýar. Daýhan birleşiginde suw soryjylaryň 2-si hereket edip, olaryň gije-gündiziň dowamynda saz işledilmegi gazanylýar. Her günde 18 — 20 gektarda ösüş suwy tutulýar. Daýhan birleşiginiň miraplary, topar ýolbaşçylary suwyň talabalaýyk tutulşyna gözegçilik edýärler. Häzirki wagtda daýhan birleşiginiň Atageldi Mirişow, Hemra Annalyýew dagynyň ýolbaşçylyk edýän 2, 5-nji kärendeçiler toparynda ösüş suwyny tutmak işi has-da guramaçylykly dowam edýär.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TAP-nyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.