«Ak altynyň» ussady

8 Awgust 2023
340

Ýurdumyzda kärendeçi daýhanlarymyzyň alyn deri, yhlasly zähmeti bilen gowaçanyň bol hasyly ýetişdirilýär. Watanymyzyň ýylsaýyn beýgelýän «ak altynly» harmanlary bolçulygy, ene topraga ömrüni baglan ussat daýhanlarymyzyň rowaçly menzillerini, üstünliklerini alamatlandyrýar. Olaryň päk zähmeti bilen ýetişdirilýän «ak altynyň» bereketli hasyly ýurdumyzyň dokma senagaty üçin esasy çig mal bolup durýar.

Welaýatymyzyň beýleki etraplarynda bolşy ýaly, Babadaýhan etrabynda hem ýylyň-ýylyna gowaçanyň bereketli hasylyny döwlet harmanyna tabşyrýan «ak altyn» ussatlarynyň ençemesi bar. Döwlet tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirýän kärendeçileriň biri-de «Zähmet» daýhan birleşiginiň 1-nji pagtaçylyk toparynda zähmet çekýän kärendeçi Annamuhammet Myratberdiýewdir. Onuň maşgala agzalaryna baş bolup, 10 gektar kärende ýerindäki gowaçaly atyzlaryny göreniňde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bellenjek hasyl toýuna zähmet sowgady bilen barmak baradaky asylly maksatlarynyň wysal boljakdygyna aýdyň göz ýetirýärsiň. Ýaşyl ýapynjaly gowaçaly meýdanlar gül-gunçalara, düzüm-düzüm gozalara beslenip otyr. Geçen ýyl kärende ýeriniň her gektaryndan 30 sentnerden gowrak hasyl almagy başaran zähmetsöýer kärendeçiniň turuwbaşdan oňat ideg bilen gurşan gowaçaly atyzlaryndan göwni hoş. Topragyň tabyny bilip, ekiniň idegini birkemsiz ýetiren kärendeçi şu ýyl hem gowaçaly meýdanynyň her gektaryndan 35 sentner hasyla garaşyp, ata Watanymyzyň harmanyna mynasyp goşant goşmak üçin ýadawsyz zähmet çekýär.

Annamyrat BERDIMYRADOW,
«Ahal durmuşy».