Gowaçadan bol hasyl almagyň ylmy esaslary

8 Awgust 2023
371

Pagta biziň baýlygymyz. Şonuň üçin onuň ýokary hasyllylygyny gazanmak derwaýysdyr. Munuň üçin gowaçanyň tohumlyk çigidiniň arassa bolmagy zerurdyr. Ekişi ýokary arkaly tohumlar bilen geçirmek gowaçanyň hasyllylygyny 10 – 15 göterim ýokarlandyrýar. Gowaçanyň hatarara bejergisi onuň ösüş döwründe 7 – 8 gezek geçirilýär, her ösüş suwunyň aralygynda bejergi işi 2 gezekden geçirilse, maksadalaýyk bolar. Gowaçadan ýokary hasyl almak üçin agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmelidir. 110 – 120 müň düýp gowaçanyň gektardan kadaly gürlügini almak üçin ýekeleme döwri hatararasy 10 santimetrden goýlan ösümlik kadalaýykdyr. Onuň esasy şertleriniň biri toprak we howa ýagdaýlarynyň, olaryň biologiýasynyň laýyk gelmegidir.

Gowaçanyň dökün üpjünçiliginiň gowulanmagy onuň suwa bolan talabyny hem güýçlendirýär. Şoňa görä-de, onuň gülleýän döwründe gije-gündizki sarp edýän suwunyň möçberi gektara 35 – 40 kubmetre barabar bolýar.

Maýa ATADURDYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň kiçi ylmy işgäri.