Täze tehnikalar — daýhanyň daýanjy

7 Awgust 2023
357

Bugdaý oragyndan soň, sürüm işleriniň dowam edýän häzirki günlerinde Lebap welaýatynyň oba hojalyk önümçilik birleşigine kuwwatly tehnikalaryň 62-si gelip gowuşdy. Bu bolsa pudakda işleriň barha ilerlemegine goşant boldy. Sebitiň suw hojalyk işgärleri bu ugra degişli tehnikalaryň 33-sini sowgat aldylar.

Gündogar sebitiň oba hojalykçylarynyň ygtyýaryna gelip gowşan tehnikalar ýurdumyz bilen uzak ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edip gelýän «John Deere» kompaniýasynyň 6195M kysymly traktorlarydyr. Häzir welaýatyň mes toprakly meýdanlarynda bu iri kompaniýanyň kuwwatly traktorlarynyň ýüzlerçesi işledilýär. Olaryň üsti täze tehnikalaryň ýene-de 62-si bilen ýetirildi.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz).