Päk zähmetiň höziri

2 Awgust 2023
396

Şu günler etrabymyzyň daýhanlary ýene bir jogapkärli möwsüme — pagta ýygymyna taýýarlyk görýärler. Olar gowaçalaryň hasyla durmagynyň öň ýanyndaky agrotehniki çäreleri geçirmek bilen meşgullanýarlar. «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Akgözel Jumalyýewa hem şolaryň hatarynda. Diňe bir bu hojalykda däl, eýsem, etrapda hem öňdebaryjy tejribeli daýhan hökmünde tanalýan bu zenan şu ýylyň baharynda 1,5 gektar meýdana gowaça ekip, oňa ýokary derejeli ideg edip gelýär. Biz onuň kärende ýerine baranymyzda, munuň şeýledigine göz ýetirdik.

Doýgun ýaprakly, şahalary joýalary dolduryp duran, güllän, käbir ýerinde bolsa gozalan gowaçalar ideginiň ýetendiginden habar berýärdi. Güýzde bu atyzdan bol hasylyň alynjakdygyny çaklamak üçin oba hojalyk hünärmeni bolmak gerek däl. Ony ekiniň özi aýdyp dur.

Jeren KULYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň esasy hünärmeni. Surata düşüren Döwletgeldi HUDAÝBERDIÝEW.