Utgaşykly iş

2 Awgust 2023
380

— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şöhratly ýyllarynda daýhanyň çekýän päk zähmetine uly sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatlary netijesinde obahojalykçylar bolan biz ýerden bol hasyl almagyň aýdyň ýoluna düşdük. Biziň agzybir maşgala agzalarymyz hem “Çekseň zähmet, ýagar rehnet” diýen parasatly sözlere eýerip ene ýere zähmet derini siňdirýärler.

— Üstümizdäki — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda 8 gektar bugdaýly ýerimizden 28 tonna 260 kilogram gallany döwlet harmanyna tabşyrdyk. Häzirki wagtda 17 gektar meýdandaky “Ýolöten-7” görnüşli gowaçamyzyň ujuny çyrpmak işine girişdik. Alty gektarda ýetişdiren ýeralma, sogan, sarymsak ýaly ekinlerimiziň hasyllaryny isripsiz ýygnadyk. Döwlete tabşyrýan hem-de öz bazarlarymyzda ýerleşdirýän bereketli hasyllarymyzdan sap girdeji alýarys. Munuň özi maşgala agzalarymyzyň ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar durmuşynda bolelin ýaşamagyna giň mümkinçilik döredýär. Biziň alyp barýan işlerimize uly-uly goldawlary berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerimizi aýdýarys — diýip, Ýolöten etrabynyň “Azatlyk” daýhan birleşiginiň halypa kärendeçisi Aýdu Kadyrow ýokary ruhubelentlik bilen gürrüň berýär.