Gowaçalar hasyl toplaýar

2 Awgust 2023
438

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaçanyň ýerli toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl berýän görnüşleri ekildi. Şu günler welaýatymyzyň babadaýhanlary gowaçalara agrotehniki kadalara laýyk ideg edýärler. Hasyl toplap başlan gowaçalaryň dördünji hatarara bejergi işleri kadaly alnyp barylýar. Bu bolsa gowaçalaryň bol hasyl toplamagyna ýardam edýär.

Gowaçalaryň hatarara bejergi işlerinde welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat we Bereket etraplaryndaky tehniki taýdan hyzmat ediş kärhanalarynyň mehanizatorlary kärendeçi pagtaçylara ýakyndan hemaýat berýärler. Bu işde kuwwatly traktorlaryň 125-siniň, ýer bejeriji enjamlaryň hem 116-synyň güýjünden netijeli peýdalanylýar. Tejribeli mehanizatorlar gowaçalaryň hatarara bejergisini talabalaýyk alyp barýarlar. Bejergi geçirilen ýerlere şerbet usuly bilen suw tutulmagy topragyň endigan, siňňitli hem gerekli mukdarda suwlulandyrylmagyna ýardam edýär.

(Öz habarçymyz).
Surata düşüren Guwanç Agamämmedow.