Güýzki ekişe ykjam taýýarlyk görülýär

3 Awgust 2023
352

31-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşyna seredildi.

Ilki bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri sebitlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda hem ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada aýdyldy.

«Nesil».