"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Haýyrly käriň eýesi

Welaýatymyzyň çäklerinde ýetişdirilen gawun-garpyzlaryň ýurdumyzyň ähli ýerlerinde-de hyrydarynyň örän köpdügi hemmelere mälimdir. Çünki olar ajaýyp görnüşleri, tagamlylygy bilen aýratyn tapawutlanýarlar. Şonuň bilen birlikde, şeýle bakja önümlerini ýetişdirmekde ýadawsyz zähmet çekýän ökde daýhan adamlar hem az däl. Biz olaryň biri — Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Begenç Öwezow bilen gürrüňdeş bolduk. — Begenç, aýtmaklaryna görä, siz ençeme ýyllardan bäri bakjaçylyk bilen meşgullanýan ekeniňiz. Görnüşi ýaly, bu ugurda ýeterlik tejribäňiz bar.

Welaýatymyzda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Pagtaçylara medeni hyzmat guralýar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kemala getirilen «ak altyn» hasylyny ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna öz wagtynda tabşyrmak ugrunda şu günlerde alnyp barylýan gyzgalaňly işlerde yhlaslylyk görkezýän kärendeçi daýhanlaryň, ýygymçylaryň, mehanizatorlaryň «armasyny» ýetirmek, olaryň ruhuny göterip, höwesini artdyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Şuny nazara almak bilen, golaýda Görogly etrap häkimligi, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, «Aksaraý» daýhan birleşiginiň pagtaçylarynyň arasynda günortanky medeni-dynç alyş çäresini geçirdi. Çärä gatnaşyjylaryň öňünde etrabyň medeniýet bölüminiň bagşy-sazandalary, ýaş aýdymçylary, tansçylary ata Watanymyzy, halkymyzy, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işlerini, päk zähmeti wasp edýän aýdym-sazlary, joşgunly tanslary bilen çykyş edip, olaryň göwünlerini galkyndyrdylar, ýadawlygyny çykarmaga ýardam berdiler.

Düzüm-düzüm gyzyl almalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, ilaty güneşli Diýarymyzda ýetişdirilýän oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmek babatda öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, öz ykbalyny, manyly ömrüni mele topraga berk baglan oba adamlarynyň çekýän asylly zähmeti barada gürrüň etmek has ýakymly. Welaýatymyzda hem öz yhlasly zähmeti bilen miweli baglary ösdürip ýetişdirýän, baý tejribä eýe bolan bagbanlar örän kän. Şol bagbanlaryň biri hem Akdepe etrabynyň «Täze durmuş» daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Dädebaý Öwezgeldiýewdir.

Öňdebaryjy pagtaçylar höweslendirilýär

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýetişdirilen gowaça hasylyny öz wagtynda ýygnamak we pagta harmanyna bökdençsiz daşamak maksady bilen Babadaýhan etrabynda birnäçe çäreler geçirilýär. Bu ugurda pagtaçylaryň arasynda geçirilýän höweslendiriş işleriniň we medeni hyzmatlaryň ähmiýeti uludyr. Meýdan düşelgelerinde pagtaçy kärendeçileriň, ýygymçylaryň, pagta ýygyjy kombaýnlary erk edýän mehanizatorlaryň hem-de hasyly kabul ediş nokatlaryna, harmanhanalara daşamaga gatnaşýan awtoulag sürüjileriň gatnaşmagynda guralýan saz-söhbetli medeni-dynç alyş dabaralarynda sungat işgärleri özleriniň joşgunly çykyşlary bilen zähmetkeşlere ruhy lezzet paýlaýarlar. Şeýle çäreleriň barşynda öňdebaryjy pagtaçylara ýadygärlik sowgatlaryň gowşurylmagy möwsüme gatnaşyjylary zähmet üstünligine ruhlandyrýar.

“Ak altyn” — 2023

Mynasyp goşant goşýarlar Pagta dokma senagatynyň çig maly bolup, ondan alynýan önümler durmuşumyzda gerekli harytlaryň hatarynda durýar. Muňa oňat düşünýän welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçileri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda “ak altynyň” bereketli hasylyny ýetişdirdiler. Indiki wezipe hem ýetişdirilen hasyly wagtynda, ýitgisiz ýygnamak bolup durýar.

Ýygymyň depgini artýar

Bereketli güýz paslynyň häzirki günlerinde Daşoguz welaýatynda pagta ýygymynyň depgini barha ýokarlanýar. Yhlasly hereketiň egsilmez berekedi bolup öwşün atýan «ak altynly» meýdanlar zähmet joşgunyna beslenýär. Welaýatyň pagtaçy ýer eýeleri şu ýylda hasyl ýetişdirilen 140 müň gektar meýdandan 275 müň tonna pagta öndürmegi maksat edinýärler. Ýokary guramaçylykly hem-de sazlaşykly alnyp barylýan işler göz öňünde tutulan sepgide ýetiljekdigine uly ynam döredýär. Welaýatyň Boldumsaz, Şabat hem Görogly etraplarynyň hasyl ussatlary pagta ýygymynda öňdäki hatarlarda barýarlar. Toplumlaýyn çäreleriň, zerur guramaçylyk işleriniň kämil derejede ýola goýulmagy, daýhanlar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi netijesinde gündelik ösüş depgini barha ýokarlanýar. Möwsümde ýygyma gatnaşýan ulgamlaryň sazlaşykly hem-de utgaşykly hereket etmegi, zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagy üçin zerur şertler döredildi. Häzirki wagtda welaýatyň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 10-synda, harmanhanalaryň 47-sinde ýygnalan hasyl gije-gündizleýin tertipde bökdençsiz kabul edilýär. Gündelik işleriň netijeli jemlenýän ýeri bolan harmanhanalaryň öňünde gije-gündiziň dowamynda üsti «ak altynly» ulaglaryň hatary egsilenok. Esli aralyga kerwen gurap, uzap gidýän bu hatarlar her günki hasylyň mukdar ölçeginiň juda uludygyny aýdyň görkezýär. Tabşyrylýan hasylyň hil görkezijileriniňem geçe

Bolçulygyň mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, oba hojalygy pudagynda hem guwandyryjy işler amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda bu hakda aýratyn belläp geçdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, pudakda geçirilýän düýpli özgertmeler ýokary hilli dürli oba hojalyk önümleriniň möçberini we eksportyny artdyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Pudagy has ýokary sepgitlere çykarmak üçin, welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ylmy taýdan esaslandyrylan usullar ulanylýar. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, önüm öndürijileri höweslendirmek boýunça anyk işler geçirilýär. Oba hojalygyndaky beýik özgertmeleriň oňyn netije berýändigine bu gün gyzgalaňly dowam edýän pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň barşynda aýdyň göz ýetirip bilýäris. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň pagtaçy babadaýhanlary özleri hakda edilýän aladalardan, döredilýän giň şertlerdir mümkinçiliklerden, berilýän goldaw-hemaýatlardan netijeli peýdalanyp, gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirdiler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 9-njy sentýabrda, Daşoguz welaýatynyň «ak altyn» ussatlary bolsa, 15-nji sentýabrda ýygyma girişmek bilen, bu gün bereketli atyzlarda pä

Öňdebaryjylaryň biri

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bereketli gowaça hasylyny ösdürip ýetişdiren Sarahs etrabynyň babadaýhanlary şu günler pagta ýygymyny guramaçylykly alyp barýarlar. Etrabyň «Bereket» daýhan birleşiginiň Begenç Muhyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 4-nji kärendeçilik toparynyň pagtaçylarynyň jogapkärli möwsümde çekýän zähmeti öwgä mynasypdyr. Kärendeçilik toparynyň daýhanlary yhlas siňdirip ýetişdiren hasylyň ýeke hanasyny-da ýagyş-ýagmyryň astynda galdyrman ýygnap almakda möwsümiň ilkinji günlerinden bäri tutanýerli zähmet çekýärler. Arzyly günleriň her bir sagadyndan netijeli peýdalanýan kärendeçileriň arasynda şertnamalaýyn borçnamalaryna hötde gelýänleriň sany barha artýar.

Ekişde hil esasy görkeziji

Sarahs etrabynyň ak ekerançylary däne ekişini ýokary depginde alyp barýarlar. Etrabyň A.Tekäýew adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri ekişde aýratyn tutanýerli işleýärler. Daýhan birleşigi boýunça şu ýyl 3150 gektarda däne ekişini geçirmek meýilleşdirilip, häzirki güne çenli ekiş geçirilen meýdanlar 1000 gektardan aşyryldy. Bu işde ekiş geçirijileriň 5-si ýokary öndürijilikli işledilýär. Daýhan birleşiginde kärendeçilik toparlarynyň 9-sy bolup, olar bol hasylyň kemala getirilmeginde, ilkinji nobatda, ekişiň takyk we ýokary hilli geçirilmegine we kadaly gögeriş gazanylmagyna baglydygyna oňat düşünýärler.

Agzybir halkymyzyň abadançylygy – Watanymyzyň rowaçlygy

2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow çykyş edip, şu günler welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Ekiş gyzyşýar

Mary etrabynyň «Zarpçy» daýhan birleşiginiň ekin meýdanlaryndan galla ekişine welaýat derejesinde badalga alan daýhanlar däne ekişiniň depginini günsaýyn güýçlendirmek bilen, bu oba hojalyk çäresini gysga möhletde, ýokary guramaçylyk bilen amala aşyrmak üçin ähli tagallalary edýärler. Netijede, şu möwsümde 170 müň gektarda ýokary hilli ekiş geçirmegi özleriniň baş maksady edinýän oba hojalykçylaryň sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, kesellere durnukly, ýokary hasylly bugdaý tohumlaryny ekýän meýdanlary sagatsaýyn artýar. Şu ýyl 18 müň 100 gektar meýdanda geljek ýylyň däne hasyly üçin ekiş geçirmegi meýilleşdirýän Baýramaly etrabynyň gallaçylarynyň iş depginleri hem barha ýaýbaňlanýar. Daýhan birleşiklerinde we daýhan hojalyklarynda işleýän mehanizatorlaryň arasynda yglan edilen bäsleşikler bolsa, galla ekişiniň depgininiň ýokarlanmagyna, işiň hiliniň ýokary bolmagyna uly täsir edýär. Şeýlelikde, galla ekijileriň has önjeýli zähmet çekýän «Bereket», «Türkmenistan», «Täze ýol», Agaýusup adyndaky daýhan birleşiklerinde hem-de Eziz Wallykowyň, Mergen Gurbanowyň ýolbaşçylyk edýän daýhan hojalyklarynda gündelik gazanylýan netijeler nusga alarlyklydygy bilen köpleri guwandyrýar.

Yhlasly zähmetiň netijesi

Etrabymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, «Şabat» daýhan birleşiginiň kärendeçileri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem daýhançylygyň ähli ugurlarynda öndürijilikli zähmet çekýärler. Daýhan birleşikde öňdebaryjy gallaçy we pagtaçy kärendeçilerinden başga-da gök-bakjaçy hem-de miwe hasylyny ösdürip ýetişdirýän, öz käriniň ussady, ykbalyny mele topraga bagyşlan daýhanlaryň onlarçasynyň bardygy bizi guwandyrýar. Şeýle daýhanlaryň biri hem Bazarbaý Jumabaýew. Biz «Şabat» daýhan birleşigine baranymyzda ýaşy segsen bäşi alkymlap ýören halypa bagbanyň öz ogullary we agtyklary bilen üzüm bagynyň içinde işläp ýörenini görenimizde munuň şeýledigine has anyk göz ýetirdik. Halypa bagbana berkidilen üzüm, alma we beýleki baglaryň tutýan meýdany 20 gektardan ybarat bolup durýar. Bagda üzümiň «gelinbarmak», «taýpy», «halyly», «terbaş», «gyzylhurmaýy» ýaly görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Şonuň ýaly-da, almanyň «limonalma», «bäşbarmak», «smelýanka» ýaly görnüşleri, garalynyň, şetdalynyň, erigiň, naryň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Goja bagban halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmek bilen, ogullary Zakiri, Gahrymany, Şöhraty, Ökdemi hem özi ýaly ussat bagban edip ýetişdiripdir. Halypa bagbanyň öz maşgalasy bilen ýetişdiren bol miwe hasylyny göreniňde, olaryň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşantlaryny goşup, ýylymyzy zähmet sowgatlary bilen jemlejekdiklerine

Azyk önümlerimiz ak bazarlaryň bezegi

Balkan welaýatynyň «Sumbar» daýhan birleşiginiň kärendeçileri hem şu ýyl ekin meýdanlaryndan bol hasyl alyp, gazanylýan üstünliklere özleriniň saldamly goşantlaryny goşdular. Daýhan birleşigiň tejribeli kärendeçisi Durdy Amangeldiýew özüniň ideg edýän 7,5 gektar ekin meýdanynda miweli baglary ösdürip ýetişdirip, almanyň, armydyň, garalynyň onlarça tonnasyny döwlete tabşyrmagy başardy. Maşgala agzalary bilen tutanýerli zähmet çekýän tejribeli bagban ýylyň-ýylyna bellenilen şertnamanyň meýilnamasyny artygy bilen berjaý edip, beýleki kärendeçileriň we bagbanlaryň arasynda uly hormata mynasyp bolýar. Tebigy gözelliklere baý bolan Sumbar jülgesiniň suwarymly ekin meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen ter miweler ak bazarlarda elýeterli bahalardan halka ýetirilýär.

Gatbar-gatbar, güle meňzeş kelemler

Oba hojalygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan ekerançylyk azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde esasy orny eýeleýär. Ýurdumyzda ekerançylyk bilen meşgullanyp, daýhançylyk kesbine ömrüni baglan, ekin ekip, ýerden bol hasyl öndürip, bazar bolçulygyna mynasyp goşant goşýan daýhanlaryň ýyl-ýyldan sanlarynyň artýandygy guwandyryjydyr. Şolaryň biri hem Garadaşaýak obasyndan kärendeçi daýhan Osman Kakajykowdyr. Heniz daň agarmanka turup, säher bilen Günüň dogşuny ekin meýdanynda synlaýan, saba-säherleriň çygyna burugsaýan topragyň ýakymly ysy bilen kükregini dolduryp, dem alýan daýhanyň jepakeşligine, zähmete werzişligine onuň gül-pürçüge beslenip oturan gök-bakja ekinlerini eken meýdanyna baranymyzda has-da göz ýetirdik. Ekin meýdanynda daýhan bilen salamlaşyp, saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soňra, Osman agadan alyp barýan işleri, kelemlere ideg edişi, daýhançylyk kärine başlaýşy hakynda sowal bilen ýüzlendik. Şonda ol bize şeýle gürrüň berdi:

Ussat mugallym, halypa bagban

Oba ýerlerinde her kim öz melleklerinde bag ekip, miwe ýetişdirip, hasyl almaga werziş bolýar. Akyl zähmeti bilen meşgullanýanlar-a bu işe has-da ilgezik. Sebäbi akyl zähmeti bilen gol zähmetini gezekleşdirip alnan işjeň dynç alşyň «tagamyny dadanlar» onuň saglygyňa edýän täsiriniň belli bahasynyň ýokdugyna şahsy durmuşynda, tejribe esasynda has ymykly göz ýetirensoňlar, endige öwrülen bu hereketini asla goýup bilenoklar. Ine, şeýle adamlaryň biri hem Baýramaly etrabynyň Gatakar geňeşliginiň Görelde obasynda ýaşaýan, obadaşlarynyň arasynda mugallym sözünden soň bagban, daýhan sözleriniň adynyň yzyna goşulyp, lakamlaşdyrylýan Döwletjan Öwezmyradowdyr.

Äpet kädi

Russiýada bellenilýän hasyl baýramynda Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň Botanika bagynda äpet gök-bakja önümleriniň sergisini geçirmek indi däbe öwrüldi. Bu sergä Russiýanyň dürli sebitlerinden bagbanlardyr bakjaçylar ýetişdiren garpyz, gabak, alma ýaly gök-bakja önümlerini, miweleri, hatda hrizantema gülüni hem getirýärler. Muňa garamazdan, bäsleşikde hemişe birinji orun kädi ösdürip ýetişdiren bakjaçylaryň arasynda paýlaşylýar. Bu sergide görkezilen 5 sany iň uly bakja önümini Aleksandr Çusow ösdürip ýetişdirdi. Bu kädiler agramy, göwrümi bilen görenleri geň galdyrdy. Podmoskowýaly bakjaçy äpet gök-bakja önümlerini ýetişdirmek boýunça bäsleşikde birnäçe ýyldan bäri yzly-yzlyna ýeňiş gazanyp gelýär. Şu gezek onuň rekordy 501 kilograma ýetdi. «Men hemişe haýsydyr bir ekini ösdürip ýetişdirmegi gowy görýärdim. Maňa ösümlikleri bankalara gaplamak üçin ösdürip ýetişdirmek däl-de, olaryň ösüş döwründe soňky netijesini, keşbini görmek bu işe bolan höwesimi artdyrýardy. Bu ugurda gözleglerimi dowam etdirdim we äpet uly kädini ýetişdirmegim bilen şundan uly netijäni alyp bolmajagyna göz ýetirdim» diýip, sergä gatnaşan Aleksandr Çusow gürrüň berdi.

Şaly oragyna girişildi

Welaýatymyzyň şalyçy daýhanlary yhlasly zähmet çekip, her ýyl bu derwaýys ekiniň bol hasylyny kemala getirýärler. Olaryň häzirki dowam edýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu babatda alyp baran giň gerimli işleri hem ajaýyp netijeleri berdi. Şeýlelikde, ezber kärendeçiler özlerine berkidilen meýdanlarda ýetişdirilen bereketli hasyly ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmaga girişdiler. Belli bolşy ýaly, şu ýyl welaýatymyzda 8100 gektar meýdana şaly ekilip, onuň ideg çäreleri ýokary hilli amala aşyryldy. Bu işleriň göwnejaý ýerne ýetirilmegi Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky hem-de  «27-nji oktýabr» daýhan birleşikleriniň kärendeçileriniň paýyna düşdi. Şonda olar, degişlilikde, 4750, 3350 gektar meýdanda bu ugurdaky zerur çäreleri öz wagtynda berjaý etmegiň hötdesinden geldiler.

Pagtaçylaryň armaçylary

Kaka etrabynyň «ak altyn» ussatlary pagta ýygymyny gyzgalaňly alyp barýarlar. Tehnikalara hyzmat ediş toparlarynyň, hasyly harmana daşaýjy tehnikalaryň we harmanhanalaryň sazlaşykly işleri pagta ýygymynyň bökdençsiz alnyp barylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Gysga wagtlyk arakesme wagtlarynda daýhan birleşikleriniň meýdan düşelgelerinde guralýan medeni-dynç alyş dabaralary pagtaçylary zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri pagta ýygymyna gatnaşyjylaryň arasynda höweslendiriş işlerini hem ýola goýdular. Olar tapawutlanyp zähmet çekýän kärendeçilere, ýygymçylara, kombaýnçylara, hasyly daşamaga gatnaşýan awtoulag sürüjilerine jemgyýetçilik guramalarynyň ýörite baýraklaryny gowşurýarlar.

Welaýatymyzda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Jogapkärli möwsümiň derwaýys işleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Şabat etrabynyň «Bossan» daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň yhlasly zähmetleriniň netijesinde bereketli «ak altyn» hasyly ýetişdirilip, şu günlerde ony ýygnamak işleri gyzgalaňly dowam etdirilýär. Şu ýyl daýhan birleşigi boýunça jemi 1190 gektar meýdana gowaça ekilip, ondan 2893 tonna pagta hasylyny Watan harmanyna tabşyrmak meýilleşdirilýär.

Gow­ru­lan ko­fe­niň im­por­ty ýokarlanýar

Dün­ýä­de iň meş­hur iç­gi­le­riň bi­ri gow­ru­lan ko­fe­dir. Ýer ýü­zün­de her gün mil­li­on­lar­ça adam ko­fe­ iç­ýär. Hut şu se­bäp­den, dün­ýä ba­za­ryn­da ýo­ka­ry hil­li gow­ru­lan ko­fä bo­lan is­leg art­ýar. Gow­ru­lan ko­fe­ni dün­ýä­de iň köp im­port edi­ji ýurt Fran­si­ýa­dyr. Ýurt­da, esa­sa­n, Efio­pi­ýa­nyň, Bra­zi­li­ýa­nyň we Ko­lum­bi­ýa­nyň gow­ru­lan ko­fe­si im­port edil­ýär.