Äpet kädi

3 Oktýabr 2023
447

Russiýada bellenilýän hasyl baýramynda Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň Botanika bagynda äpet gök-bakja önümleriniň sergisini geçirmek indi däbe öwrüldi. Bu sergä Russiýanyň dürli sebitlerinden bagbanlardyr bakjaçylar ýetişdiren garpyz, gabak, alma ýaly gök-bakja önümlerini, miweleri, hatda hrizantema gülüni hem getirýärler. Muňa garamazdan, bäsleşikde hemişe birinji orun kädi ösdürip ýetişdiren bakjaçylaryň arasynda paýlaşylýar. Bu sergide görkezilen 5 sany iň uly bakja önümini Aleksandr Çusow ösdürip ýetişdirdi. Bu kädiler agramy, göwrümi bilen görenleri geň galdyrdy. Podmoskowýaly bakjaçy äpet gök-bakja önümlerini ýetişdirmek boýunça bäsleşikde birnäçe ýyldan bäri yzly-yzlyna ýeňiş gazanyp gelýär. Şu gezek onuň rekordy 501 kilograma ýetdi.

«Men hemişe haýsydyr bir ekini ösdürip ýetişdirmegi gowy görýärdim. Maňa ösümlikleri bankalara gaplamak üçin ösdürip ýetişdirmek däl-de, olaryň ösüş döwründe soňky netijesini, keşbini görmek bu işe bolan höwesimi artdyrýardy. Bu ugurda gözleglerimi dowam etdirdim we äpet uly kädini ýetişdirmegim bilen şundan uly netijäni alyp bolmajagyna göz ýetirdim» diýip, sergä gatnaşan Aleksandr Çusow gürrüň berdi.

Ogulşat RÖWŞENOWA,
Türkmenabat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.