Ýygymyň depgini artýar

4 Oktýabr 2023
500

Bereketli güýz paslynyň häzirki günlerinde Daşoguz welaýatynda pagta ýygymynyň depgini barha ýokarlanýar. Yhlasly hereketiň egsilmez berekedi bolup öwşün atýan «ak altynly» meýdanlar zähmet joşgunyna beslenýär. Welaýatyň pagtaçy ýer eýeleri şu ýylda hasyl ýetişdirilen 140 müň gektar meýdandan 275 müň tonna pagta öndürmegi maksat edinýärler. Ýokary guramaçylykly hem-de sazlaşykly alnyp barylýan işler göz öňünde tutulan sepgide ýetiljekdigine uly ynam döredýär. Welaýatyň Boldumsaz, Şabat hem Görogly etraplarynyň hasyl ussatlary pagta ýygymynda öňdäki hatarlarda barýarlar. Toplumlaýyn çäreleriň, zerur guramaçylyk işleriniň kämil derejede ýola goýulmagy, daýhanlar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi netijesinde gündelik ösüş depgini barha ýokarlanýar.

Möwsümde ýygyma gatnaşýan ulgamlaryň sazlaşykly hem-de utgaşykly hereket etmegi, zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagy üçin zerur şertler döredildi. Häzirki wagtda welaýatyň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 10-synda, harmanhanalaryň 47-sinde ýygnalan hasyl gije-gündizleýin tertipde bökdençsiz kabul edilýär. Gündelik işleriň netijeli jemlenýän ýeri bolan harmanhanalaryň öňünde gije-gündiziň dowamynda üsti «ak altynly» ulaglaryň hatary egsilenok. Esli aralyga kerwen gurap, uzap gidýän bu hatarlar her günki hasylyň mukdar ölçeginiň juda uludygyny aýdyň görkezýär. Tabşyrylýan hasylyň hil görkezijileriniňem geçen ýylkylardan has ýokarydygyny pagta arassalaýjy kärhanalaryň hünärmenleri guwanç bilen aýdýarlar. Möwsümde aýgytly döwür hasaplanýan şu günler daýhanlaryň alyn deri bilen ýygnalan pagtanyň aglaba bölegi birinji görnüşden kabul edilýär. Harmana gelip gowuşýan ak pagta süýüminiň uzynlygyna görä görnüşlere bölünýär. Hasyl näçe çalt ýygnalsa, şonça-da onuň süýüminiň uzynlyk ölçegi artýar. Şu ýylky kabul ediş möwsümi şular ýaly guwandyryjy aýratynlyklar bilen tapawutlanýar. Bu bolsa barha beýgelýän harmanlardan alynjak süýümiň hil derejesiniň has gowy boljakdygyny görkezýär. Ýokary hilli süýümden öndürilýän önümiň hem hili oňat bolýar.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).