Bolçulygyň mekany

3 Oktýabr 2023
561

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, oba hojalygy pudagynda hem guwandyryjy işler amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda bu hakda aýratyn belläp geçdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, pudakda geçirilýän düýpli özgertmeler ýokary hilli dürli oba hojalyk önümleriniň möçberini we eksportyny artdyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Pudagy has ýokary sepgitlere çykarmak üçin, welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ylmy taýdan esaslandyrylan usullar ulanylýar. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, önüm öndürijileri höweslendirmek boýunça anyk işler geçirilýär.

Oba hojalygyndaky beýik özgertmeleriň oňyn netije berýändigine bu gün gyzgalaňly dowam edýän pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň barşynda aýdyň göz ýetirip bilýäris. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň pagtaçy babadaýhanlary özleri hakda edilýän aladalardan, döredilýän giň şertlerdir mümkinçiliklerden, berilýän goldaw-hemaýatlardan netijeli peýdalanyp, gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirdiler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 9-njy sentýabrda, Daşoguz welaýatynyň «ak altyn» ussatlary bolsa, 15-nji sentýabrda ýygyma girişmek bilen, bu gün bereketli atyzlarda päk zähmetiň asyl nusgasyny görkezýärler. Jogapkärli möwsümde täze tehnologiýaly, kuwwatly «John Deere» kysymly pagta ýygyjy kombaýnlaryň ýüzlerçesiniň daýhanlaryň hyzmatyndadygyny we olaryň ýakyn daýanjyna öwrülendigini guwanç bilen bellemelidiris.

Ulugbek MAMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.