Azyk önümlerimiz ak bazarlaryň bezegi

3 Oktýabr 2023
499

Balkan welaýatynyň «Sumbar» daýhan birleşiginiň kärendeçileri hem şu ýyl ekin meýdanlaryndan bol hasyl alyp, gazanylýan üstünliklere özleriniň saldamly goşantlaryny goşdular. Daýhan birleşigiň tejribeli kärendeçisi Durdy Amangeldiýew özüniň ideg edýän 7,5 gektar ekin meýdanynda miweli baglary ösdürip ýetişdirip, almanyň, armydyň, garalynyň onlarça tonnasyny döwlete tabşyrmagy başardy. Maşgala agzalary bilen tutanýerli zähmet çekýän tejribeli bagban ýylyň-ýylyna bellenilen şertnamanyň meýilnamasyny artygy bilen berjaý edip, beýleki kärendeçileriň we bagbanlaryň arasynda uly hormata mynasyp bolýar.

Tebigy gözelliklere baý bolan Sumbar jülgesiniň suwarymly ekin meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen ter miweler ak bazarlarda elýeterli bahalardan halka ýetirilýär.

Saparmyrat HAKMYRADOW,
öz habarçymyz.