Şaly oragyna girişildi

2 Oktýabr 2023
316

Welaýatymyzyň şalyçy daýhanlary yhlasly zähmet çekip, her ýyl bu derwaýys ekiniň bol hasylyny kemala getirýärler. Olaryň häzirki dowam edýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu babatda alyp baran giň gerimli işleri hem ajaýyp netijeleri berdi. Şeýlelikde, ezber kärendeçiler özlerine berkidilen meýdanlarda ýetişdirilen bereketli hasyly ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmaga girişdiler.

Belli bolşy ýaly, şu ýyl welaýatymyzda 8100 gektar meýdana şaly ekilip, onuň ideg çäreleri ýokary hilli amala aşyryldy. Bu işleriň göwnejaý ýerne ýetirilmegi Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky hem-de  «27-nji oktýabr» daýhan birleşikleriniň kärendeçileriniň paýyna düşdi. Şonda olar, degişlilikde, 4750, 3350 gektar meýdanda bu ugurdaky zerur çäreleri öz wagtynda berjaý etmegiň hötdesinden geldiler.

Ýörite habarçymyz.