Öňdebaryjy pagtaçylar höweslendirilýär

4 Oktýabr 2023
620

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýetişdirilen gowaça hasylyny öz wagtynda ýygnamak we pagta harmanyna bökdençsiz daşamak maksady bilen Babadaýhan etrabynda birnäçe çäreler geçirilýär. Bu ugurda pagtaçylaryň arasynda geçirilýän höweslendiriş işleriniň we medeni hyzmatlaryň ähmiýeti uludyr.

Meýdan düşelgelerinde pagtaçy kärendeçileriň, ýygymçylaryň, pagta ýygyjy kombaýnlary erk edýän mehanizatorlaryň hem-de hasyly kabul ediş nokatlaryna, harmanhanalara daşamaga gatnaşýan awtoulag sürüjileriň gatnaşmagynda guralýan saz-söhbetli medeni-dynç alyş dabaralarynda sungat işgärleri özleriniň joşgunly çykyşlary bilen zähmetkeşlere ruhy lezzet paýlaýarlar. Şeýle çäreleriň barşynda öňdebaryjy pagtaçylara ýadygärlik sowgatlaryň gowşurylmagy möwsüme gatnaşyjylary zähmet üstünligine ruhlandyrýar.

Daňatar ORAZMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň işgäri.