Welaýatymyzda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

4 Oktýabr 2023
460

Pagtaçylara medeni hyzmat guralýar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kemala getirilen «ak altyn» hasylyny ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna öz wagtynda tabşyrmak ugrunda şu günlerde alnyp barylýan gyzgalaňly işlerde yhlaslylyk görkezýän kärendeçi daýhanlaryň, ýygymçylaryň, mehanizatorlaryň «armasyny» ýetirmek, olaryň ruhuny göterip, höwesini artdyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Şuny nazara almak bilen, golaýda Görogly etrap häkimligi, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, «Aksaraý» daýhan birleşiginiň pagtaçylarynyň arasynda günortanky medeni-dynç alyş çäresini geçirdi. Çärä gatnaşyjylaryň öňünde etrabyň medeniýet bölüminiň bagşy-sazandalary, ýaş aýdymçylary, tansçylary ata Watanymyzy, halkymyzy, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işlerini, päk zähmeti wasp edýän aýdym-sazlary, joşgunly tanslary bilen çykyş edip, olaryň göwünlerini galkyndyrdylar, ýadawlygyny çykarmaga ýardam berdiler.