Yhlasly zähmetiň netijesi

3 Oktýabr 2023
687

Etrabymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, «Şabat» daýhan birleşiginiň kärendeçileri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem daýhançylygyň ähli ugurlarynda öndürijilikli zähmet çekýärler. Daýhan birleşikde öňdebaryjy gallaçy we pagtaçy kärendeçilerinden başga-da gök-bakjaçy hem-de miwe hasylyny ösdürip ýetişdirýän, öz käriniň ussady, ykbalyny mele topraga bagyşlan daýhanlaryň onlarçasynyň bardygy bizi guwandyrýar. Şeýle daýhanlaryň biri hem Bazarbaý Jumabaýew. Biz «Şabat» daýhan birleşigine baranymyzda ýaşy segsen bäşi alkymlap ýören halypa bagbanyň öz ogullary we agtyklary bilen üzüm bagynyň içinde işläp ýörenini görenimizde munuň şeýledigine has anyk göz ýetirdik. Halypa bagbana berkidilen üzüm, alma we beýleki baglaryň tutýan meýdany 20 gektardan ybarat bolup durýar. Bagda üzümiň «gelinbarmak», «taýpy», «halyly», «terbaş», «gyzylhurmaýy» ýaly görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Şonuň ýaly-da, almanyň «limonalma», «bäşbarmak», «smelýanka» ýaly görnüşleri, garalynyň, şetdalynyň, erigiň, naryň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Goja bagban halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmek bilen, ogullary Zakiri, Gahrymany, Şöhraty, Ökdemi hem özi ýaly ussat bagban edip ýetişdiripdir. Halypa bagbanyň öz maşgalasy bilen ýetişdiren bol miwe hasylyny göreniňde, olaryň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşantlaryny goşup, ýylymyzy zähmet sowgatlary bilen jemlejekdiklerine aýdyň göz ýetirýärsiň.

Altybaý ALLABAÝEW,
TAP-nyň Akdepe etrap komitetiniň başlygy.