Ekiş gyzyşýar

3 Oktýabr 2023
477

Mary etrabynyň «Zarpçy» daýhan birleşiginiň ekin meýdanlaryndan galla ekişine welaýat derejesinde badalga alan daýhanlar däne ekişiniň depginini günsaýyn güýçlendirmek bilen, bu oba hojalyk çäresini gysga möhletde, ýokary guramaçylyk bilen amala aşyrmak üçin ähli tagallalary edýärler. Netijede, şu möwsümde 170 müň gektarda ýokary hilli ekiş geçirmegi özleriniň baş maksady edinýän oba hojalykçylaryň sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, kesellere durnukly, ýokary hasylly bugdaý tohumlaryny ekýän meýdanlary sagatsaýyn artýar.

Şu ýyl 18 müň 100 gektar meýdanda geljek ýylyň däne hasyly üçin ekiş geçirmegi meýilleşdirýän Baýramaly etrabynyň gallaçylarynyň iş depginleri hem barha ýaýbaňlanýar. Daýhan birleşiklerinde we daýhan hojalyklarynda işleýän mehanizatorlaryň arasynda yglan edilen bäsleşikler bolsa, galla ekişiniň depgininiň ýokarlanmagyna, işiň hiliniň ýokary bolmagyna uly täsir edýär. Şeýlelikde, galla ekijileriň has önjeýli zähmet çekýän «Bereket», «Türkmenistan», «Täze ýol», Agaýusup adyndaky daýhan birleşiklerinde hem-de Eziz Wallykowyň, Mergen Gurbanowyň ýolbaşçylyk edýän daýhan hojalyklarynda gündelik gazanylýan netijeler nusga alarlyklydygy bilen köpleri guwandyrýar.

Kakageldi MÄMMEDOW,
TDP-niň Baýramaly etrap komitetiniň jogapkär işgäri.