Ekişde hil esasy görkeziji

3 Oktýabr 2023
529

Sarahs etrabynyň ak ekerançylary däne ekişini ýokary depginde alyp barýarlar. Etrabyň A.Tekäýew adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri ekişde aýratyn tutanýerli işleýärler.

Daýhan birleşigi boýunça şu ýyl 3150 gektarda däne ekişini geçirmek meýilleşdirilip, häzirki güne çenli ekiş geçirilen meýdanlar 1000 gektardan aşyryldy. Bu işde ekiş geçirijileriň 5-si ýokary öndürijilikli işledilýär. Daýhan birleşiginde kärendeçilik toparlarynyň 9-sy bolup, olar bol hasylyň kemala getirilmeginde, ilkinji nobatda, ekişiň takyk we ýokary hilli geçirilmegine we kadaly gögeriş gazanylmagyna baglydygyna oňat düşünýärler.

Maral JUMADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Sarahs etrap komitetiniň hünärmeni.