Ussat mugallym, halypa bagban

3 Oktýabr 2023
619

Oba ýerlerinde her kim öz melleklerinde bag ekip, miwe ýetişdirip, hasyl almaga werziş bolýar. Akyl zähmeti bilen meşgullanýanlar-a bu işe has-da ilgezik. Sebäbi akyl zähmeti bilen gol zähmetini gezekleşdirip alnan işjeň dynç alşyň «tagamyny dadanlar» onuň saglygyňa edýän täsiriniň belli bahasynyň ýokdugyna şahsy durmuşynda, tejribe esasynda has ymykly göz ýetirensoňlar, endige öwrülen bu hereketini asla goýup bilenoklar.

Ine, şeýle adamlaryň biri hem Baýramaly etrabynyň Gatakar geňeşliginiň Görelde obasynda ýaşaýan, obadaşlarynyň arasynda mugallym sözünden soň bagban, daýhan sözleriniň adynyň yzyna goşulyp, lakamlaşdyrylýan Döwletjan Öwezmyradowdyr.

Allaberdi SAPARGELDIÝEW,
öz habarçymyz.