Gatbar-gatbar, güle meňzeş kelemler

3 Oktýabr 2023
460

Oba hojalygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan ekerançylyk azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde esasy orny eýeleýär. Ýurdumyzda ekerançylyk bilen meşgullanyp, daýhançylyk kesbine ömrüni baglan, ekin ekip, ýerden bol hasyl öndürip, bazar bolçulygyna mynasyp goşant goşýan daýhanlaryň ýyl-ýyldan sanlarynyň artýandygy guwandyryjydyr. Şolaryň biri hem Garadaşaýak obasyndan kärendeçi daýhan Osman Kakajykowdyr. Heniz daň agarmanka turup, säher bilen Günüň dogşuny ekin meýdanynda synlaýan, saba-säherleriň çygyna burugsaýan topragyň ýakymly ysy bilen kükregini dolduryp, dem alýan daýhanyň jepakeşligine, zähmete werzişligine onuň gül-pürçüge beslenip oturan gök-bakja ekinlerini eken meýdanyna baranymyzda has-da göz ýetirdik.

Ekin meýdanynda daýhan bilen salamlaşyp, saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soňra, Osman agadan alyp barýan işleri, kelemlere ideg edişi, daýhançylyk kärine başlaýşy hakynda sowal bilen ýüzlendik. Şonda ol bize şeýle gürrüň berdi:

Täzegül KULJIKOWA,
«Bereketli toprak».