"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Beýi

Beýi ýokumly maddalara baýdyr. Onuň düzüminde birnäçe witaminler we minerallar bar. Ol belokdan, uglewodlardan, süýümlerden ybarat. Beýide C witamini, az mukdarda B witamini, demir, kaliý we magniý bar. Beýiden edilýän şerbet göwreliligiň başky aýlarynda ýüze çykýan ýürek bulanma, gusma ýaly alamatlary azaltmaga ýardam edýär. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, beýi şerbediniň ýokumlylygy B6 witaminden hem has ýokarydyr.

«Magtymguly – söz ummanynyň ägirdi» atly döredijilik bäsleşige

Ala dagyň ala garly başyny,Jülgesinde çeşme-çaýyň joşuny.Dumanly, ýagmyrly ýazu-gyşyny,Pyragynyň paýhasyna meňzetdim.

DABARA GEÇIRILDI

25-nji oktýabrda Änew şäherçesiniň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Ahal welaýat häkimliginiň medeniýet müdirliginiň guramagynda meşhur sazanda türkmen mukamynyň goja bagbany Mylly Täçmyradowyň şägirdi, Türkmenistanyň halk artisti Jepbar Hansähedowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli «Dutara dil bitiren halypa» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu dabara ýurdumyzyň belli sazandalary, bagşylary, sazandanyň kowum-garyndaşlary gatnaşdylar we onuň ömri, döredijiligi barada gyzykly gürrüňler etdiler.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Güýz paslynyň dowam edýän günlerinde ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň  öňüni almak maksady bilen, özüňi bu paslyň talaplaryna laýyklykda alyp barmak zerur bolup durýar. Onuň üçin: *Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli;

Maslahat geçirildi

Düýn 15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda «Magtymguly Pyragynyň mirasy – parahatçylygyň, dostlugyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň binýady» atly maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi». Bu hakykaty ýakynda paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum hem bütin aýdyňlygy bilen subut etdi. Dünýäniň akyldary dana Pyragynyň parahatçylyk, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk baradaky şygyrlary dana pähimlere, atalar sözlerine, nakyllara öwrülip, halkymyzyň arasynda asyrlarboýy ýaşap gelýär. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy diňe bir türkmen halky däl, dünýä halklary üçin hem gymmatly baýlykdyr. Bular barada dünýäniň onlarça döwletinden wekilleriň gatnaşmagynda ýokary derejede geçirilen iri halkara forumda çykyş edenler hem uly buýsanç bilen bellediler.

Dünýä edebiýatynyň ägirtlerine sarpa

Merjen şäherimiz Aşgabadyň keşbinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini görýäris. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dünýä derejesinde bellenilip geçilýär. Parahatçylygyň we dost-doganlygyň ýolundan ýagty geljege tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyz sarpalanyp, dünýä halklarynyň medeniýetine uly hormat goýulýar. Şu gün – 10-njy oktýabrda paýtagtymyzyň gözel künjeginde dostlugyň nyşany bolan, häzirki zaman gadymy we köp žanrly gazak edebiýatynyň düýbüni tutujy Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasyna Gahryman Arkadagymyz hem-de ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti gatnaşyp, taryhy söz sözlediler. Gahryman Arkadagymyz, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, şeýle-de dabara gatnaşyjylar we myhmanlar soňra gazak halkynyň beýik oglunyň heýkeline ter gül desselerini goýdular. Iki doganlyk ýurduň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary açylyş dabarasynyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Gözel paýtagtymyzyň keşbi gün-günden täze öwüşginlere  eýe bolýar. Gurlup ulanmaga berilýän döwrebap binalar halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyna, nesilleriň bagtyýar hem sagdyn ösmegine gönükdirilýär. Şu gün — 9-njy oktýabrda paýtagtymyzyň gözel künjeginde Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi.

SAGLYK MAKSATLY TÄZE BINALAR

Ýurdumyzda uludan bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli şu gün, ýagny 9-njy oktýabrda paýtagt şäherimizde, şeýle-de ýurdumyzyň Mary we Lebap welaýatlarynda saglyk maksatly täze binalaryň açylyş dabaralary bolup geçdi. Täsin binagärlik gurluşy bilen mermer şähere özboluşly görk beren Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki hem-de Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň açylyş dabaralaryna Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy we çuňňur manyly çykyş etmegi Garaşsyz Watanymyzda ynsan saglygy baradaky alada uly ähmiýet berilýändigini ýene bir ýola subut etdi.

«Tutumly toýlaryň bezeg-nagşy Siz!»

Bu Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bagşy zenanyna bagyşlap ýazan goşgy setirlerinden alnan ajaýyp jümle. Ylahy zehinli zenan Jemal Saparowa ömrüni aýdym-saz sungatyna bagyş edip, uzak ýyllaryň dowamynda yhlasly we döredijilikli zähmet çekip gelýär. Mahmal owazy bilen halkymyza ruhy şatlyk paýlap, aýdym-saz sungatymyzy milli ruhda ösdürmäge, dünýä ýaýmaga uly goşant goşýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejede uludan bellenilýän ýyly bagşy zenanyň durmuşynda aýratyn ýatdan çykmajak ýakymly wakalar bolup geçdi. Bu ýyl gözellikde deňsiz-taýsyz Arkadag şäherinde geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň täze binasynyň açylmagy mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli aýdym-saz sungatymyza goýýan çuňňur hormat-sarpasynyň neneňsi belentdiginiň aýdyň beýany bolup, joşgunly köňüllerde uly buýsanç döretdi. Bu bagtyýar pursatlarda Gahryman Arkadagymyzyň: «Tutumly toýlaryň bezeg-nagşy Siz! Kämile gol beren Jemal bagşy Siz!» diýen setirleri öz içine alan ajaýyp goşgusyny diňlemek, hemmämiz üçin diýseň ýakymly boldy. Biz medeniýete, sungata, aýdym-saza sarpaly döwürde ýaşaýarys. Milli sungatymyzyň hossarly, howandarly döwrüniň aýdymçysy bolmakdan, Garaşsyz Watanymyzyň toý-baýramly günlerini owazly aýdym-sazlary bilen bezäp, il-günümize ru

Binalaryň bagtyň keşbi

Halkymyzda il bähbitli, şu gün hem geljek üçin ähmiýeti uly bolan binalary gurmak iň sogaply işleriň biri hasap edilýär. Bu gün ägirt uly gurluşyk meýdançasyny ýada salýan ata Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etmegi bilen gurlup ulanmaga berilýän döwrebap binalaryň hatary günbe-günden artýar. Ak guwa çalymdaş, iň häzirki zaman durmuş şertlerini özünde jemleýän dürli maksatly bu binalar halkyň bagtyýar ýaşaýşynyň buýsançly kepilidir. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň — Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli açylyp ulanmaga berlen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumy we Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasy-da paýtagtymyzyň görküne görk goşan gözellikleriň biri boldy. «Bu gün biziň gursagymyzda gurmaga we döretmäge güýç-kuwwat bagyş edýän Watana bolan beýik söýgi joş urýar. Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu buýsançly sözleri biziň her birimiz üçin nusgalyk ýörelgedir. Hakykatdan hem, Watanyň bähbidi üçin başy başlanan işler hemme işlerden rowaçlydyr, Watanyň ady bilen ýörelen

TÜRKMENISTAN — OWGANYSTAN: hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda mukaddes Watanymyz tutuş dünýäde oňyn daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär, şol sanda sebit boýunça goňşy döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Munuň ýene bir aýdyň subutnamasy hökmünde şu ýylyň 11-nji sentýabrynda döwlet Baştutanymyzyň we Milli Liderimiziň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň «Islim-Çeşme» serhet nokadynda bolup geçen dabaralary uly buýsanç bilen aýdyp bileris. Şol gün hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermeginde iri ýedi taslama, ýagny Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berildi. Mundan başga-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad

Beýik ösüşleriň täze badalgasy

Biziň her birimiziň oňat işlemäge yhlasymyz, ruhubelent ýaşamaga höwesimiz, ata-babalarymyzyň nusgalyk durmuş ýollaryna ýürekden ynanjymyz eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatydyr, berkarar döwletimiziň mizemez binýadydyr. Munuň şeýledigini mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda uly ruhubelentlik bilen üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik ähmiýeti barada ilkinji bellemeli zat, bu umumymilli forumyň Garaşsyzlyk döwrüniň aňyýetini kemala getirmekde, nesilleriň arasyndaky baglanyşygy pugtalandyrmakda uly orna eýe bolup durýanlygydyr. Halk Maslahaty döwlet berkararlygynyň ähmiýetini, many-mazmunyny halkyň aňyna ýetirmekde, ösüşlerimiz baradaky jemgyýetçilik pikirlerini oňyn ugra gönükdirmekde möhüm syýasy-jemgyýetçilik mekdebine öwrüldi. Garaşsyzlygyň 33 ýylynyň dowamynda ähli ösüş tapgyrlaryndaky iň derwaýys meseleleriň, möhüm wezipeleriň halkyň wekilleri bilen maslahatlaşylýan ýerine, halkyň isleg-arzuwlarynyň beýan edilýän münberine öwrülen Halk Maslahatyna bolan ynam elmydama adamlaryň Garaşsyz döwletiň alyp barýan syýasatyna goldawyny aýdyň görkezdi. Häzirki döwrüň nesilleri tapgyr-tapgyr bolup, bu jemgyýetçilik-syýasy foruma gatnaşyp, döwlet berkararlygynyň sapaklaryny özleşdirdiler. Ösüşlerimiziň beýik maksatlaryna, döwrüň hem-de döwletimiziň jemgyýetiň öňünde goý

Halkara maliýe giňişliginde Türkmenistanyň orny pugtalanýar

Bu gün Türkmenistan dünýä maýadarlary we eksportýorlary üçin özüne çekiji ýurtlaryň biri hökmünde tanalýar. Ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherinde 10-11-nji sentýabrda geçirilen TIF-2024 Maýa goýum forumy munuň şeýledigini aňryýany bilen tassyklady. Bu halkara maýa goýum maslahaty döwlete degişli guramalar, iri işewür toparlary we halkara maliýe institutlary bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin döredilen giň meýdança bolup, ol ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçiliklerini dünýä ýaýmaga, geljegi uly bolan ugurlarda dürli ýurtlar bilen ykdysady hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge ýardam berdi. XXI asyrda döwletiň milli ykdysady ösüşi köp babatda ýurduň ylmy-tehnologik mümkinçiliklerine bagly bolup durýar. Bu, öz gezeginde, ýurdumyzda maýa goýum we innowasion işjeňligiň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyny talap edýär. Soňky ýyllaryň dowamynda jemi içerki önümiň düzüminde maýa goýumlaryň tutýan paýynyň 20 — 30 göterime deň bolmagy onuň Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.

Kitap — keramat, kitap — bereket

Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde edebi gatnaşyklarymyzy rowaçlandyrýan ýene bir şatlykly wakanyň şaýady bolduk. Milli Liderimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline terjime edilen nusgasynyň sowgat edilmegi dostlukly edebi-medeni gatnaşyklarymyzy berkidýän pursatlaryň biridir. Perişdeleriň Arşy-agladan ýa-da al-asmandan Ýere inişi hakynda dürli-dürli rowaýatlar bar. Şolaryň birinde şeýle diýilýär: «Bagty çüwen melekleriň iň beýik arzuwy enä öwrülmekmiş. Şonuň üçin olar gyz bäbejige öwrülip, dünýä inerlermiş».

GAHRYMANLARDAN ARKALY GAHRYMAN

Owazasy köňle ýalkym,Gören ýüze sylýar bagtyn,Saýraýan bilbili halkyňMähriban jenan halypa,Gahryman Jemal halypa. Jemalynda nur görünen,Uzlardan-da uz görünen,Durky bilen saz görünen,Didary helal halypa,Gahryman Jemal halypa.

Watan sylagy mukaddesdir

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzi şanly wakalara, ýakymly pursatlara, hoş habarlara baýlygy bilen tapawutlanýar. Bu ýylda ildeşlerimiziň ykbalyny bezeýän, ömrüniň ýatdan çykmajak günlerini artdyrýan wakalar bolup geçdi. Il-ulsumyzyň täze dogjak Güne, bagtyýar geljege ynamy göwünleriň tugy bolup pasyrdaýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen berk ykdysady binýat eziz Diýarymyzyň geljekki ösüşleriniň ygtybarly girewidir. Biz ýurdumyzyň özgertmeleriň ýoly bilen ynamly ösüşini üpjün etmek ugrunda mundan beýläk-de möhüm işleri durmuşa geçireris» diýen sözleri ildeşlerimizi uly ruhubelentlige besleýär. Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň dabaralara beslenýän günlerinde gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi hem-de eziz Diýarymyzyň geljekki ösüşlerine badalga berjek çözgütleriň kabul edilmegi taryhy wakalaryň üstüni ýetirdi. Baýramçylyk günlerinde ildeşlerimiziň birnäçesine döwlet sylaglary gowşuryldy, hormatly atlar dakyldy. Žurnalymyzyň şu sanynda olaryň käbiriniň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Dürdäneler

Bäbek ysy Zenan bäbek ysyny ilkinji perzendi doglan pursady duýýar. Erkek bolsa bäbek ysynyň nämeligine agtykly bolanyndan soň düşünýär!..

«Nurly Aý» edýän işi göwnejaý

Her gezek birmeňzeşje geýnip, ak mekdebe barýan döwrümiziň bagtyýar nesillerini göreniňde, göwnüň galkynyp gidýär. Olaryň boý-syratlaryna özboluşly gelşik berýän okuwçy lybaslarynda nazaryň eglenýär. Jaňyň kakylaryna mähetdel mekdep okuwçylarynyň hersi öz synp otagyna baryp, bilimler dünýäsiniň syrly sahypalaryny agdaryp başlaýar. Ýene bir bölegi birmeňzeş sport eşiklerini geýnip, mekdebiň sport zalynda dürli bedenterbiýe maşklary bilen meşgul bolýar. Iş lybasyndaky oglan-gyzlar bolsa ýörite niýetlenen otaglarda zähmet sapagyny geçýärler. Mekdep durmuşyny agzamak bilen biz döwrümiziň nesillerini okuwçy lybaslary, sport eşikleri bilen üpjün edýän telekeçiler barada söhbet etmek isledik. Ýurdumyzyň hususy pudagynda hereket edýän şeýle önümhanalaryň biri Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýär. Ýaş telekeçi Maýsa Anzarowanyň ýolbaşçylygyndaky «Nurly Aý» tikinçilik öýünde, hakykatdan-da, işler göwnejaý ýola goýlupdyr. Ol ýerde mekdep okuwçylary üçin lybaslaryň, sport eşikleriniň, şeýle-de körpe nesil üçin egin-eşikleriň her aýda on müňden gowragy öndürilýär.

Şükürim köpdür, miweli ömrüm!

Milletimiziň iň uly ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän türkmençilik edebi barada söz açdygyňça, onuň ýollary uzap barýar. Sebäbi edep ruhy kämilligiň, ruhy gözelligiň ölçegi. Kämilligiň çägi ýok. Şonuň ýaly, gözellik hem çägi bilmeýär. Tebigat bilen ýüzbe-ýüz galanyňda, bu hakykata has içgin düşünýän ekeniň. Men tebigaty gaty gowy görýärin. Ir säher bilen oýanyp, howlymyzda gögerip oturan bagdyr gülleri suwarmagy endik edinipdirin. Dogrusy, bu baglaryň hem gülleriň ählisini biz maşgala bolup ekipdik. Çagalarymyzdyr agtyjaklarymyzyň her biri öz eken bagynyň, gülleriniň düýbüni ilkinji günden başlap ýumşadyp, suwarýarlar. Daş-töwereginde ýekeje-de hapa-haşal ot galdyrman arçaýarlar.

Bagtyň owadan!

Bu güýz ýene owadan geldi. Edil mähriban käbämiň aýdyşy ýaly, säheri çigrese-de, gündizleri salkyn güýz berekede, gözellige baý. Kalbyňdaky bakylygy özüne siňdirip oturan altyn güýz çaga dünýäsine höwür bolan ýatlamalara, heňňamlaryň saralan sahypalarynda ýaşaýan wakalara sary ýol salýar. Güýz säherine maýyl bolan ýapraklar ol söhbetlere gulak goýýan ýaly çalajadan başlaryny yraýarlar. Güýzüň mylaýym gününde biz ejemlere sary ýola düşüpdik. Çagalaryň kalby alaýazdy. Olar az wagtdan mähir ummany bilen mährem ojagy ýyladyp oturan mamalary bilen didarlaşmalydylar. Çagalaryň ekabyrragynyň: «Mamamlara ýetip barýas gerek?!» diýşip, dillenmesi-hä ulagdakylara buşluk habary ýaly bolup eşidildi. Olar özlerini eýýäm edil mamalarynyň töründe ýaly duýýardylar.