Maslahat geçirildi

15 Oktýabr 2024
366

Düýn 15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda «Magtymguly Pyragynyň mirasy – parahatçylygyň, dostlugyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň binýady» atly maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi». Bu hakykaty ýakynda paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum hem bütin aýdyňlygy bilen subut etdi. Dünýäniň akyldary dana Pyragynyň parahatçylyk, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk baradaky şygyrlary dana pähimlere, atalar sözlerine, nakyllara öwrülip, halkymyzyň arasynda asyrlarboýy ýaşap gelýär. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy diňe bir türkmen halky däl, dünýä halklary üçin hem gymmatly baýlykdyr. Bular barada dünýäniň onlarça döwletinden wekilleriň gatnaşmagynda ýokary derejede geçirilen iri halkara forumda çykyş edenler hem uly buýsanç bilen bellediler.

«Zenan kalby».